Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny tanyşdyrdy. Eseriň mazmuny 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. Bu çözgüt türki döwletleriň bütindünýä guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň gadymy baý taryhy, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygy göz öňünde tutulyp kabul edildi.
Tanyşdyrylyş dabarasy geçirilenden soň, bu täze kitabyň medeniýetimiziň milliligini ýüze çykarmaga, baý taryhymyzy dünýä äşgär etmäge goşjak ägirt uly goşandy dogrusynda ýurdumyzyň dürli ýerlerinde, jemgyýetçilik merkezlerinde, döwlet edaralarynda, umumy orta bilim berýän orta mekdeplerde, şeýle-de ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ähli ýokary okuw mekdeplerinde tanyşdyrylyş dabaralary, wagyz-nesihat çäreleri, şowhunly aýdym-sazly konsertlerdir, medeni gymmatlyklarymyzy suratlandyrýan sergiler gurnaldy.
Gurnalan jemgyýetçilik çärelerine döwlet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýerli we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, şeýle hem talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar.
Çärelerde çykyş edenler eseriň halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, wagyz etmekde, dünýäde giňden tanatmakda ähmiýetiniň ulydygyny nygtadylar. Şonuň ýaly-da, çärelere gatnaşyjylar täze kitapda ýerleşdirilen mazmunyň gyzykly maglumatlara baýdygyny, olaryň düşnükli we çeper dil serişdeleri arkaly beýan edilýändigini belläp geçdiler. Bu kitabyň 2024-nji ýylda, ýagny «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen, şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çapdan çykmagy, halkymyza gymmatly taryhymyzy we şygryýetimizi öwrenmäge bolan esasy mümkinçilikdigi bellärliklidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu kitabyň ýazylmagyna dünýä meşhur taryhçylar, ussat arheologlar we olaryň nesilleri bilen bilelikde işleşmekde baý tejribä eýe bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren gürrüňleriniň uly ýardam berendigini belläp geçýär.
Ussat taryhçylar we arheologlar ýurdumyzda, arheologik gazuw-agtaryş we ylmy gözleg işlerini geçirip, köp sanly wajyp ýadygärlikleri, tapyndylary ýüze çykardylar, dünýä derejesinde möhüm açyşlary etdiler. Şolaryň arasynda, ilkinjileriň hatarynda durup, Änew medeniýetini dünýä tanatmaga uly goşant goşan Rafael Pampellini, Wadim Massony, Wiktor Sarianidini we beýleki tanymal arheologlary mysal getirmek bolar. Eserde Änew şäheriniň diňe bir gadymy taryhy däl, şu güni we geljekki beýik maksatlarynyň gadymy taryhyndaky tejribelerden gözbaş alýandygyny nygtap, «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip bellenilýär.
Täze kitabyň giriş bölüminde halkymyzyň gymmatly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda ýurdumyzda döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy, abraýly halkara guramalar, daşary ýurtly hyzmatdaşlar we birnäçe dürli döwletleriň ýokary ylmy merkezleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyklary barada bellenilip geçilýär. Şonu bilen birlikde, BMG-niň esasy ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO, şol sanda türki döwletleriň bütindünýä guramasy bolan TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygynyň köp ýyllaryň dowamyndaky öňdebaryjy tejribelerine, olar bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine üns çekilýär. Eser üç bapdan ybarat bolup, her bir babynda atlandyrlyşyna mynasyp taryhy maglumatlar beýan edilýär, zerur garaýyşlar öňe sürülýär.
«Gadymy Änewiň täsinligi», “Taryhy birleşdirýän uly wakalar” we Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Prezidenti” wezipesine saýlanylýança bu sebitde toplan iş tejribesi barada gürrüň açylýan jemleýji babyndan ybaratdyr. Gadymy Änew medeniýeti barada söz açýan bu kitap şekillendiriş sungatyna degişli birnäçe surat eserleri we köp röwüşli fotosuratlar arkaly bezelip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary derejeli neşir usulynda, şeýle-de daşary ýurtly okyjylaryň gyzyklanmagyna mümkinçilik bermek maksady bilen türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edildi.
Eziz MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.