logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Ispaniýada gadymy adamlaryň gowaklary
  16.12.2023
870
Ispaniýada gadymy adamlaryň gowaklary

Ispaniýada gadym döwürlerde ýaşan ýabany adamlaryň 300-e golaý gowaklarynyň bardygy ylmy taýdan subut edildi.Olaryň köpüsi Fransiýada we Ispaniýada - müňlerçe ýyl ozal Neandertallar we adamzadyň beýleki wekilleri bu sebitlerde ýaşaýardy. Ylmy maglumatlara görä olar gowaklarda uzak wagtlap ýaşamandyrlar , sebäbi diri galmak üçin dürli ösümlikler we haýwanlar köp bolan ýerleri yzygiderli gözlemeli bolýardy. Ispaniýada gadymy adamlar hakda köp zat aýdyp biljek “wagt kapsulasy” tapyldy. Ispaniýadaky La Garma gowak toplumy gadymy adamlaryň mesgeni hasaplanylýar. Ispaniýanyň Cantabria ýaýlasynda ýerleşýän La Garmanyň gowak toplumynda tapyldy. Alymlaryň pikiriçe, bu ýerde takmynan 16,800 ýyl ozal adamlar ýaşaýardy.

 


Taryh we arheologiýa professory Pablo Ariasyň pikiriçe, paleolit döwründäki ýaşaýyş jaýlary gaty seýrekdir. Köne daş asyry diýip hem bilinýän paleolit, adamzat taryhynda takmynan 3 million ýyl ozal ilkinji daş gurallarynyň ýasalmagy bilen başlanan döwürdir. Alymlar munuň takmynan 12,000 ýyl ozal gadymy adamlaryň bürünç ulanmagy we has çylşyrymly gurallary ýasamagy öwrenendigine ynanýarlar.

 


La Garma toplumyndan tapylan täze gowagyň meýdany 5 inedördül metr. Gowak diwarynyň gyrasyna daýanýan taýaklardan we haýwan derilerinden ýasalan diwary goldamak üçin niýetlenen daşlar tapyldy. Mundan başgada arheologlar gadymy adamlaryň haýwanlaryň şahlaryndan we süňklerinden ýasalan gurallaryny goýýan kiçijik otjagazlaryň yzlaryny tapypdyrlar. Şeýle hem sütükleriň gaýtadan işlenmegini we daş gurallarynyň ýasalýandygyny görkezýän yzlar bar. Umuman alanyňda, alymlar gowakdan 4600-a golaý zat tapdylar. Tapyndylaryň köpüsi sugunlaryň we atlaryň süňkleri, şeýle hem çakmakdaş we gabyk balyklarydyr. Tapyndylaryň arasynda özboluşly sungat eserli hem bar.

 

 

Maýa ORAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.