logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Nature /Iň äpet ýyrtyjy guş
  11.05.2023
2797
Iň äpet ýyrtyjy guş

Kondor –  ululygy  we özüniň owadanlygy bilen tapawutlanýan iň uly ýyrtyjy guş. Onuň uzynlygy ganatlaryny açan wagty 3 metre, agramy bolsa 15 kilograma ýetýär. Daşyny örtüp duran ýelekleri çym gara reňkli bolup, öwüşgin saçýar. Kondor guşlarynyň esasy ýaşaýan ýeri  deňiz derejesinden 3-4 müň kilometr belentlikde bolan Ant daglary hasaplanýar. Şonuň üçin hem oňa  «Ant guşy» hem diýilýär. Käbir görnüşleri bolsa Latyn Amerikasynda hem duş gelýär. Kondorlar özüniň iýjek iýmitini uçup barýarka awlamagy halaýarlar, olaryň göreji örän ýiti bolup, özleriniň  pidasyny 200 kilometr belentlikden görmegi başarýarlar. Bu guşlar esasan sugunlar, sygyrlar goýunlar, hat-da ýyrtyjy möjekler bilen hem iýmitlenýär. Kondor guşy 7 gije-gündiz iýmit iýmän oňup bilýär. Köp wagtlap iýmitlenmedik ýagdaýynda guşlaryň höwürtgelerine hüjüme başlaýarlar. Bu guşlar adam üçin hem örän howpludyr. Köp ýagdaýlarda adama topulyp duran ýagdaýlary hem duş gelinýär. Onuň penjeleriniň gerimi 30 sm we ol iýjek pidasyny ilki öldürip, soň iýmitlenýär.
Kondor guşlarynyň ajaýyp ýeri-ömründe bir gezek ýoldaş saýlaýarlar we ölýänçä bile ýaşaýarlar. Olaryň ömrüniň dowamlylygy 50 ýyla ýetýär. Her gezek köpeliş döwründe 1-2 sany ýumurtga guzlaýar. Eger-de ýumurtgasy nirädir bir ýere gaýyp bolsa, şol bada täzesini guzlamaga ukyby bar. Olar höwürtgelerini adam barmaýan ýerlerde, garaňky gowaklarda gurýarlar.
Olar tebigatyň «sanitarlarydyr». 

 

Gülruh KURBANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.