Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ «Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirildi ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Sport - parahatçylygyň ilçisi ✦ ✦ Milli ykdysadyýet sanlylaşdyrylýar ✦ ✦ Hususy telekeçilik ösüşler ýolunda ✦ ✦ Durmuş-ykdysady ösüşiň mümkinçilikleri ✦ ✦ «Bilim nokady» bilim merkezinde tomusky ýazylyşyklar başlady! ✦ ✦ E-commerce "Täze ykdysadyýetiň" bir düzümi we bazar hojalygynyň täze görnüşi ✦ ✦ Maglumat jemgyýetiniň strategiki ugurlary ✦ ✦ Dünýä logistikasynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Saglyk /Ibn Sinanyň saglyk hakynda öwütleri
  16.03.2024
155
Ibn Sinanyň saglyk hakynda öwütleri

Orta asyr Gündogarynyň beýik alymy, akyldary, Günbatarda Awisenna ady bilen tanalan, lukman Abu Aly Ibn Sina eýýäm ýaşlygyndan örän zehinli bolup, grammatikada, sitilistikada we poetikada uly üstünliklere eýe bolupdyr. Buharada bilim alyp, lukman bolup işe başlapdyr, ylmyň ençeme ugurlaryndan  sowat alypdyr. Ol Gündogaryň beýik alymlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Meşhur alym öz ömrüniň ahyrky ýyllaryny Yspyhanda geçiripdir. Ylmyň pelsepe, fizika, psihologiýa, himiýa, matematika, etika, edebiýat we dil bilimi ýaly ugurlarynda, esasan hem lukmançylyga bagyşlanan işleridir eserleri döredipdir. “Tebipçilik ylmynyň kanunlary” diýen köp jiltli işi 500 ýyllap bütin Gündogaryň we Günbataryň lukmanlarynyň ýan kitaby bolup hyzmat edipdir. Onda Ibn Sina bejermesi kyn bolan dürli keselleriň öňüni almak we ony bejermek barada giňişleýin ýazypdyr. Alym öz ýazgylarynda lukmançylyk ylmy hakynda şeýle belläp geçipdir: «Lukmançylyk kyn ylymlardan däl, şonuň üçinem men ony şeýle bir gysga wagtyň içinde öwrendim welin, lukmançylygyň iň bir güýçli adamlary hem lukmançylyk ylmyny menden öwrenmäge başladylar». 

 

Şeýle-de beýik alym dogry iýmitlenmegiň ýollary babatda hem gymmatly maglumatlary beýan edipdir. Ýagny, iýlende işdämenlik bilen iýmekligi, uzak wagtlap aç gezmezligi, açlygyň aşgazan kesellerine eltýändigini; iýmiti oňat siňdirmek üçin berhiziň görnüşlerinden peýdalanmalydygyny; göwnüçökgünligiň iýmitiň kadaly siňmegine päsgel berýändigini; hammamdan soň dessine naharlanmaklygyň zyýanlydygyny; gowy naharlanylandan soň uklamak ýa-da işjeň hereketde bolmagyň hem peýdaly däldigini; çakdanaşa köp iýmekligiň aşgazanda çig şireleriň mukdaryny köpeldýändigini, netijede bolsa içege ýollarynyň dykylyp, ysgyndan gaçyrýandygyny; fiziki türgenleşiklerden soň suw içmezligi ýazypdyr. 

 

Bulardan başga-da, dürli rowaýatlarda Ibn Sinanyň bedewiň süýdüniň hem derde dermandygyny subut edendigi barada gürrüň berilýär. Rowaýata görä, günleriň birinde Horezmşanyň weziri agyr derde uçrap, oňa tebipleriň eden ençeme emleri hiç hili kömek etmändir. Lukman Ibn Sina şol weziriň haýyşy boýunça onuň saglyk ýagdaýyny gözden geçirip, onuň böwreginde çägäniň bardygyny anyklapdyr. Lukman Hekim wezir üçin bedew süýdi bolan gymyzyň iň gowy derman boljakdygyny aýdypdyr we ony bejermekde iki küýze gymyz ulanypdyr. Lukman wezire her hepdäniň dowamynda ir bilen gaýnan suw goşulan gymyz içiripdir we bagda iki sagat gezdiripdir. Aradan wagt geçenden soň, wezir doly sagalyp, oňa hoşallyk bildiripdir. Elbetde, munuň özi bolsa Ibn Sinanyň öz döwrüniň ussat, beýik lukmany bolandygyny aýdyňlygy bilen äşgär edýär. 

 

Ýarangeldi HAJYLYÝEW,

Türkmen Döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby.