Hytaý armydy alma bilen armydyň gibrididir, şonuň üçin bu miwe iki miweden hem peýdaly häsiýetlerini aldy. Daşky formasy armyt ýaly süýri däl-de, alma ýaly tegelekdir. Hytaý armydyny söýýänleriň köpüsi, ony suwsuzlygy gandyrmak üçin ulanmak has gowy diýip hasaplaýarlar. Bu agaç (Pyrus pyrifolia) Gündogar Aziýada ösýän, Rosaceae ýa-da bägülgülliler maşgalasyna degişli bir görnüşdir. Agajyň iýilýän miweleri köp sanly atlar bilen tanalýar: Hytaý armydy, Aziýa armydy, ýapon armydy, alma armydy, gum armydy. Miwe Hindistan, Nepal, Awstraliýa, Täze Zelandiýa we ABŞ ýaly beýleki ýurtlarda hem köp ösdürilýär. Ýabany armyt agajynyň beýikligi 15 metre ýetýär. Hytaý armydynyň her miwesiniň agramy ortaça 200 gr, ýöne 500 grama çenli ýetýänleri hem bar, bu ýagdaý esasanam hem etlek böleginde şiräniň köp bolmagy sebäpli ýüze çykýar. Hytaý armydynyň hasyl berýän möwsümi güýzüň we gyşyň başynda bolýar.
Hytaý armydynda C, K, B9 witaminleri, foliý turşusy, kaliý we mis bar, antioksidantlaryň köp mukdary bilen hem belli.
100 gr hytaý armydy şulary öz içine alýar: 42 kkal; 0,4 g belok; 0,45 g ýag; 15,5 gr uglewodlar; 3,6 gr süýüm; 88 gr suw.
Günde maslahat berilýän miwäniň mukdary 2-3 sany armyt, ýöne şonda-da dürli görnüşli sagdyn iýmitlenmegiň möhüm ýörelgesini ýatdan çykarmazlyk has gowudyr, şonuň üçin günde 1 hytaý armydyny iýmek ýeterlikdir. Aşgazan-içege ulgamynyň islenmeýän täsirleri, düzümindäki süýümiň we ýönekeý şekerleriň köp bolmagy sebäpli günde 5-6 ýa-da ondan köp miwe iýlende ýüze çykyp biler.
Hytaý armydynyň köpüsiniň daşky reňki bişensoň ýaşyl-sary reňkde bolýar. Bişen miweler gysga boýly we süýji bolmaly. Hytaý armydy adatça gaty uly däl we hoşboý yslydyr. Kagyz bilen seresaplylyk bilen gaplanylanda miweler birnäçe hepde saklanýar (iň gowusy 1-2 ° C) we gurak ýerde bolmaly. Käwagt hytaý armytlary uzak wagtlap saklananda güýçli ysly tagam alýar.
Miwesini gabykly ýa-da gabyksyz iýip bolýar. Ol miweli pes kaloriýaly desertler ýa-da gök önüm süýjüleri üçin oňat esasdyr. Hytaý armytlary şekeriň tebigy ornuny tutýan içgiler üçin tagamly goşundydyr. Hytaý armydynyň özünde ýaglar ýok diýen ýaly, deňagramly nahar üçin ony belok we ýag önümleri bilen birleşdirmek gowudyr.
Adaty hytaý lukmançylygynda hytaý armytlary sowadyjy miwe hasaplanýar. Detoksifikasiýa, üsgülewigi azaltmak, ýara we iç gatamagy bejermek üçin ulanylýar. Hytaý armytlarynyň düzüminde bedenimiz üçin zerur bolan beýleki maddalaryň arasynda tapawutlandyryp bileris:
• C witamini - metabolizmden kollagen sintezine çenli köp proseslere gatnaşýan antioksidant.
• B9 witamini täze öýjükleriň emele gelmegine, DNK we RNK sintezine gatnaşýar.
• Kaliý ýürek urmasyny kadalaşdyrmaga kömek edýän esasy minerallardan biridir.
• Misiň, demiriň we metabolik prosesleriň siňmeginde möhüm rol oýnaýar, immun ulgamyny goldaýar.
Hytaý armydy sagdyn önüm, ýöne käbir adamlarda bu meselede kynçylyklar bolup biler. Mysal üçin, ýygy-ýygydan allergiki täsirler bolup biler. Keselleri we içegäniň bozulmalary bolan adamlarda süýümiň mukdary gaty ýokarydygy sebäpli, hytaý armydy dürli agyrylara we spazmlara sebäp bolup biler. Şeýle ýagdaýlarda lukmana ýüz tutup, bu miwäni kem-kemden az mukdarda berhiz bilen sazlaşdyrmaly.
Hytaý armydy hakda gyzykly faktlar
1. Däp bolşy ýaly, Gündogar Aziýada hytaý armydynyň gülleri, esasanam oba ýerlerinde baglar doly güllände, ýazyň meşhur nyşanydyr.
2. Ýaponiýada sowgat hökmünde hytaý armydy berilýär. 1997-nji ýylda Taýwanda dostlaryna we kärdeşlerine bu miweler berlende, hytaý armydynyň sarp edilişi ýokarlanypdyr.
3. Günüň dogýan ýurdunda maşgalanyň simwoliki goragy hökmünde köplenç öýleriň derwezeleriniň öňünde uly armyt agaçlary oturdylýar we erbetlikden goramak üçin jaýyň burçlarynda ösdürilip ýetişdirilipdir.
4. Ýaponiýanyň Kamagaýa-Şi şäheri üçin bu agajyň gülleri resmi güller hasaplanýar.
5. Koreýada hytaý armydy asyllylygy alamatlandyrýar. Armyt agajy rahatlygyň nyşanydyr. Koreý rowaýatlarynyň köpüsinde armyt hasyllylyk, paýhas we saglyk berýär diýlip aýdylýar. Günorta Koreýanyň Naju şäherinde dynç almak üçin birnäçe seýilgähi bolan armyt muzeýi we armyt bagy bar.
Maýagözel MUHYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.