logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
  30.03.2024
687
Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

29-njy martda Arkadag şäheriniň häkimlik maslahat zalynda  «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi. Bu maslahat Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli bolup geçdi. Bu barada “Türkmenistan” saýty habar berýär.


 

Bu dabaraly foruma Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


 

Maslahatyň çäginde Gaznanyň ýardam bermeginde ýerine ýetirilen operasiýalar üçin ulanylýan sarp ediş serişdeleri, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň öndürýän önümleri, bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň esasynda taýýarlanan çaýlar tanyşdyrýan sergi guraldy.


 

Maslahatyň çäginde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem bolup geçdi.


 

Döredilenine ýaňy üç ýyl bolmagyna garamazdan gaznanyň amala aşyran işleri sanardan köpdür. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça näsag çagalaryň ýüzlerçesine degişli operasiýalar edildi. Howandarlyga mätäç çagalara birnäçe keseller boýunça bejergiler amala aşyryldy we saglygy goraýyş, öňüni alyş-anyklaýyş çäreleri geçirildi. Mundan başga-da, mätäçlik çekýänler üçin lukmançylyk serişdeleri satyn alyndy. Gazna tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap, şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň sowgat berildi.


 

Geçen 2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda ýurdumyzda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitap çapdan çykypdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu kitabyň «Durmuşyň gymmaty — saglyk» bölüminde şeýle diýilýär: «Hemaýat etmek özüňden özgelere mähribanlygy eçilmekdir, olaryň depesini göge ýetirjek sowgatlaryny bermek bilen, arzuwlaryny hakykat ýüzünde amala aşyrmakdyr». 


 

Şeýle-de Ilkinji gezek gaznanyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadanyň geçirilmegi dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe boldy.

 

Oraz Annaýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby.