Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Halkara hyzmatdaşlyk-belent ösüşleriň kepili
  23.01.2021
408
Halkara hyzmatdaşlyk-belent ösüşleriň kepili

       Ýakynda Türkmenabatda Akina-Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki-Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar-Akina  hem-de Serhetabat-Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi we Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylmagy özboluşly taryhy waka boldy. Bu halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrjak iri göwrümli işler bagtyýarlyk döwrüniň nobatdaky ösüşi bolup örboýuna galdy.

      Iki goňşy döwletleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda işe girizilen desgalar we ýollar mertebeli menzillere tarap ugur alyp, Türkmenistan döwletimizi dünýäniň syýasy arenasynda saýlantgylaryň hataryna goşulmaga ýardam edýär. Bu işleriň ählisi, öz nobatynda, sebitde howpsuzlygyň gyşarnyksyz berkidilmegine ýardam eder. Netijeli döwletara hyzmatdaşlyk üçin zerur bolan amatly syýasy ýagdaýy döretmäge itergi berer. Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasaty Türkmenistanyň alyp barýan halkara işiniň esasyny düzýär. Örän iri energetika ýurdy, Ýewraziýanyň örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriji merkezleriniň biri hökmünde biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirdi. Şu sebäpden, «Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary bu wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir» diýip, milli Liderimiz belläp geçdi. Ulag, energetika ulgamlarynda biziň tekliplerimize dünýäde barha uly üns berilýär.

      Şeýle-de,  Lebap welaýatynyň nebit gaz düzüminiň üstüni ýetiren täze senagat desgasynyň hem «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda öz işine başlaýandygy bellärliklidir. Öz gezeginde bu energiýa geçiriji XXI asyryň ägirt uly inžener-tehniki desgalarynyň biri bolup, halkara gatnaşyklaryň tejribesinde hoşmeýilli erk-islegiň, netijeli hem-de oňyn döwletara hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.

Garagum sährasynyň Lebap welaýatyna degişli çäginde ýerleşýän «Malaý» ýatagyndan indi köp ýyllardan, ýagny, 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär. Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatynyň ilatly ýerlerini, şeýle hem dürli maksatly desgalary «mawy ýangyç» bilen üpjün etmän, eýsem, asyrymyzyň iri taslamasy bolan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm berýär. Bu halkara energiýa magistraly bilen «Malaý» känini uzynlygy 188 kilometr bolan Malaý-Bagtyýarlyk gaz geçirijisi birleşdirip, ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Bu desgasynyň anyk wezipesi mähir, ýylylyk paýlamakdan ybarat bolup, halkara gatnaşyklarymyzyň jebisleşmegine ýardam berýär.

     Bu oňyn netijeli işleriň barşynda Türkmenistan döwletimiz gülläp ösüş we parahatçylygyň kämil nusgalaryna eýe bolýar. Taryhyň sahaplaryna tyllaýy harplar bilen ýazylan bu günki beýik işler ýagty ertirleri kepillendirýär. Olaryň ählisi birigip, «hyzmatdaşlyk» düşünjesiniň arzyly we hormatlydygyny dabaralandyrýar.