Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze nobatdaky kitaby 2024-nji ýylyň aýagynda çapdan çykdy. Bu kitabyň Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda halkymyza ýetirilmeginiň uly manysy bar. Onda türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky uly orny barada ylmy taýdan delillendirilen örän baý maglumatlar beýan edilýär. Türkmen topragynda ömür sürüp, yklymlaryň taryhynyň barşyna, ösüşine uly goşant goşan meşhur serkerdeler, şalar, soltanlar, akyldarlar barada Gahryman Arkadagymyz öz garaýyşlaryny, pikirlerini halka ýetirýär. Şoňa görä-de, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly eseri halkymyzyň şanly geçmişine, türkmen döwletliligini berkarar etmekde nusgalyk işleri bitiren beýik taryhy şahsyýetlerimize guwanmakda egsilmez ruhy çeşme bolup hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň beýik taryhy şahsyýetleriniň mertebesini, şan-şöhratyny gaýtadan dikeltmek bilen, häzirki döwürde türkmen döwletiniň we türkmen halkynyň beýik millet hökmündäki ornuny has beýgeldýär. Munuň özi berkarar döwletiň eýesi bolup, dünýä üçin nusgalyk ösüşi bilen öňe barýan halkymyz hem-de geljekki nesiller üçin ruhy daýançdyr hem-de buýsanç çeşmesidir.
Iki dilde -- türkmen we iňlis dillerinde çap edilen “Hakyda göwheri” atly kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň bagtyna dörän, taryhy ösüş ýoluna güneş kimin ýagty saçýan beýik şahsyýet hökmündäki belent derejesini ýene-de bir gezek çuňňur açyp görkezýär.
Biziň taryhymyz, milli köklerimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň geçmişinden aýry däldir we Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary goňşy halklar üçin hem gymmatlydyr. Şoňa görä-de “Hakyda göwheri” atly kitapda asly bir bolan türki halklaryň edim-gylyklary, däp-dessurlary, häsiýetleri hem anyk deliller bilen gyzykly rowaýatlardyr tymsallar arkaly giňden beýan edilipdir. Şunuň bilen baglylykda, kitapdaky käbir dürdäne sözlere siziň ünsüňizi çekmek isleýärin.
Kitabyň “Taryha syýahat” atly birinji babynda Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: “Türki dünýä köki zeminiň çuňluklarynda berkarar bolan, şahalary dünýä giňişligine gol ýaýradan goja daragta meňzeýär. Halkymyzyň arasynda “Daragt kökünden suw içer” diýen pähim bar. Müň ýyllyklary öz içine alýan bir bitewi taryh, ruhy-medeni ýakynlyklar, umumy gymmatlyklar bu daragtyň köklerine dirilik suwy – aby-haýat bolup ýetýär. Türki döwletler bilelikde has uly kuwwata eýedir” diýip belläp geçýär. Kitabyň tutuş mazmuny Oguzhan nesilbaşymyzdan gaýdýan beýik türkmen ýolunyň bütin türki halklar bilen bilelikde geçen taryhy ösüşine täsiriniň beýany bolup durýar.
Şu beýan edilenlerden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň 29-njy noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Wengriýada geçirilen 16-njy mejlisine gatnaşyp, şol ýerde eden çykyşy dogrusynda durup geçmek ýerlikli bolar diýip pikir edýärin.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz şol mejlisde şeýle diýdi: “Türki dilli döwletleriň Baştutanlary hemişe möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýärler. Şundan ugur alyp, biz hem bilelikde halk diplomatiýasyny öňe sürmelidiris. Bu diplomatiýanyň özeninde abadançylyk, parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri durýar. Iň esasysy bolsa, parahatçylyk filosofiýasyny ilerledip, ýurtlarymyzyň Liderleriniň bu syýasatyny durmuşa geçirmelidir” diýip belledi. Gahryman Arkadagymyzyň bu sözleri türki halklaryň dünýäniň häzirki döwründäki ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini ýene bir gezek açyp görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen halkyna we dostlukly halklara peşgeşi bolan “Hakyda göwheri” atly kitabynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyndan käbir setirleri mysal getirmegi aýratyn täsir galdyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şol kitapdaky şeýle setirleri ýatlaýar: “Täze taryhyň daňy şu ýerde atar. Taryhyň zaňy şu ýerde kakylar. Taryhyň ýaňy şu ýerde ýaýylar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sözleri mysal getirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda-da şu gün we geljek üçin taryhyň orny we täsiri aýratyn nygtalýar. Kitapda Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: “Ynsany bagtyýarlyga eltýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda ilki bilen türkmen halky hem ýatlanylýar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri buýsanç bilen belläp geçýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Taryha syýahat” we “Ruhy miras” atly iki bapdan ybarat “Hakyda göwheri” kitabynyň “Taryh şu ýerden başlanýar”, “Änew medeniýeti”, “Bürünç zamanynyň medeni ojaklary”, “Oguznama – dünýä baýlygy”, “Döwletliniň döwlet gözbaşy” we beýleki bölümlerinde beýan edilýän maglumatlar, wakalar, kyssalar diliniň baýlygy we çeperligi, pikirleriň çuňlugy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň ähli kitaplary ýaly “Hakyda göwheri” hem halkyň ruhuna ýakyn, örän çeper we düşnükli beýan edilipdir.
Aslynda Gahryman Arkadagymyzyň beýan ediş usulynda her bir okyjynyň aňyna, ruhuna, hakydasyna ornaşýan ynandyryjylyk bar. “Hakyda göwherini” okanyňda-da awtoryň kitaby okaýan her bir adamy ýakyn söhbetdeş, her bir zada düşünýän pikirdeş hökmünde sarpalaýandygyny, öz okyjysyna hormat goýýandygyny duýmak bolýar.
Gahryman Arkadagymyz beýleki ajaýyp kitaplarynda bolşy ýaly “Hakyda göwheri” kitabynda hem öz halkyna, şeýle hem her bir adama paýhasly, öwüt-ündew häsiýetli sözleri bilen ýüzlenýär. Ýaşlara nesihat berýär. Gahryman Arkadagymyz türkmen iline ýüzlenip şeýle diýýär: “– Eziz türkmen ilim! Döwletlilik – il-halkymyzyň ata-baba mirasyna ygrarlylygy. Türkmeniň owal-ahyr döwleti synmazdyr! Meniň umman ýaly ruhy we maddy baýlygyň eýesi bolan il-halkym bagtlydyr. Onuň ertiriniň abadanlygynyň binýadyny gurmakda, goý, bize ýagşylar ýaran bolsun! Ertiriň abadan, ýoluň açyk bolsun, mähriban halkym!” diýip, Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda buýsanç bilen aýdýar.
Selbi Nazarowa ,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.