logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürilýär
  20.02.2026
410
Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürilýär

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasyna sapar etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

 

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow ýolbaşçylyk etdi. Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynyň baş direktorynyň orunbasary Firas Al-Ouda bilen geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, aýratyn-da ileri tutulýan ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Duşuşykda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni hyzmatdaşlygyň netijeli mehanizmlerini döretmegiň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem türkmen we kuweýt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen hemişelik hyzmatdaşlyk platformasyny döretmek teklip edildi. Bu formatyň logistika işlerini ýeňilleşdirjekdigi we hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirjekdigi nygtaldy.

 

Türkmenistanyň amatly geografiki ýerleşişi we giň ykdysady mümkinçilikleri onuň ygtybarly we strategik hyzmatdaş hökmünde ornuny güýçlendirýändigi aýratyn bellenildi.

 

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda azyk howpsuzlygy, senagat hyzmatdaşlygy, energetika hem-de nebit-himiýa pudaklary görkezildi.

 

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

 

Nurjemal HANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.