Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Bilim - Berkarar geljegiň binýady ✦ ✦ Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteri - täze eýýamyň saglyk we ykdysady ösüş binýady ✦ ✦ Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat: täze usullar bilime ornaşýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Erasmus+ maglumat güni geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /“Gyz görmegi saçda bolar, Gül tahýasy başda bolar” ady bilen  dabaraly sergi geçirildi
  09.09.2024
153
“Gyz görmegi saçda bolar, Gül tahýasy başda bolar” ady bilen  dabaraly sergi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýeti, milli däp-dessurlary, edebiýaty, sungaty dünýä derejesinde dabaralandyrylýar. Köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, nesillerimize arkama-arka geçip gelen milli el işlerimiz, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň gudraty bilen dörän halylarymyz, keçelerimiz, nepis keşdelerimiz, alajalarymyz ajaýyp sungat eserleri hökmünde äleme ýaýylýar. Biziň milli baýlygymyz bolan türkmen halysynyň hem-de keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi biz türkmen zenanlaryny has-da begendirdi hem buýsandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” ,”Arşyň nepisligi”, ”Janly rowaýat”, ”Türkmen medeniýeti” atly kitaplarynda dünýä medeniýetine goşant goşan gelin-gyzlarymyzyň el hünärlerine bolan söýgi belent mukam bolup ýaňlanýar. Ajaýyp senet önümleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri, halyçylyk sungaty, keçe taýýarlamak, keşdeçilik işleri nepis gözelligi bilen haýran galdyrýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň milli lybaslaryny keşdesiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Gyz-gelinlerimiziň naýbaşy el işleri bolan keşde we gaýma işleri gözelligi, nepisligi bilen haýrana goýýar. Keşdeçilik sungatynyň gadymydygyny subut edýän maglumatlar halk döredijiliginiň eserlerinde hem şöhlelenýär. Muňa mysal edip:

 

Gyz görmegi saçda bolar,

Gül tahýasy başda bolar.

Eli mydam işinde,

Baş hünäri keşde bolar – diýmek bilen

Gelin - gyzlarymyzyň şahyrana döredijiliginden alnan bu goşgy setirlerinde beýan edilişi ýaly, keşdeçilik hünäriniň gyzlara ýaşlykdan öwredilendiginiň aýdyň nyşanyna öwrülýär.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesi hem etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda, orta mekdepleridir, çagalar baglarynda bolup türkmen gyz-gelinlerine mahsus milliligimiz, maşgala mukaddesligi, milli el işlerimiz barada wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary, sergileri yzygiderli ýagdaýda geçirip durýar. Ýakyn şeýle çäreleriň biri hem  Tejen etrabynyň  Tejen şäher Medeniýet  öýünde  “ Gyz görmegi saçda bolar,Gül tahýasy başda bolar”  ady bilen aýdym-sazly dabaraly sergi geçirildi. Sergide etrabyň çägindäki ussat keşdeçi zenanlaryň on barmagyndan sünnälenip çykan el işleri ýaýbaňlandyryldy. Biziň şeýle asuda-parahat, eşretli ajaýyp zamanamyz bar. Eziz Watanymyzda zenanlara uly sarpa goýýan, milli medeni-mirasymyzy ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag başlary dik, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Aýsoltan Öwezowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň hünärmeni, 
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.