Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysadyýet ulgamynda ýetilen üstünlikler ✦ ✦ Hytaý diliniň milli usulyýetini kämilleşdirmekde ähmiýeti ✦ ✦ Hytaý dilini okatmakda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmagyň ähmiýeti ✦ ✦ Iňlis dilindäki tehniki adalgalaryň elektron sözlüginiň ähmiýeti ✦ ✦ Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy ✦ ✦ Smart tehnologiýalar: häzirki döwrüň innowasion ösüşiniň esasy ugry ✦ ✦ Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllarynda telekommunikasiýa ulgamlarynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistan we Ýaponiýa ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny giňeldýärler ✦ ✦ Çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Gözel kalbyň mukamy - türkmen halysy
  01.04.2024
542
Gözel kalbyň mukamy - türkmen halysy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň köňül dünýäsinde baky ornaşan, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilen “Türkmenistanyň milli halyçylyk sungaty” asyrlaryň jümmüşinden aşyp gelen, öz nagyşlarynda taryhy we halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýän türkmen halysynyň şöhraty dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň sungatda at gazanan suratkeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymy Annabibi Islamowanyň döredýän ajaýyp haly eserleri bu sungatyň däplerini kämil derejede dowam etdirip gelýär.

 

Annabibi Islamowa 1986-njy ýylda gurnalan ilkinji şahsy sergisinden başlap, häzirki günlere çenli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan geçirilýän ähli döredijilik we bäsleşik sergilere, Milli baýramlar mynasybetli gurnalýan sergilere, köpçülikleýin medeni çärelere öz ajaýyp haly eserleri bilen gatnaşýar. Ynha, 2024-nji ýylyň 28-nji mart aýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda gözelligi bilen dünýäniň çar künjeginde meşhurlygy gazanan haly sungatymyzyň ajaýyp nusgalary Annabibi Islamowanyň döredijiliginiň mysalynda ýaýbaňlandyryldy. Suratkeşiň irginsiz döredijilik zähmetiniň miweleri, ýürek arzuwlarynyň pelsepeleri we milli halyçylyk sungatymyzyň däplerini şekillendirýän haly we haly önümleriniň onlarçasy sergide görkezildi.

 

Ençeme ýyllaryň dowamynda çuňňur we baý tejribe ýygnan Annabibi Islamowa öz şägirtlerine halyçylyk sungatynyň gadymdan gelýän däplerini, nagyş hem-de göl aýratynlyklarynyň taslama gurluşlaryny, amaly tejribede öýdümleriň we çitimleriň dokalyş usullaryny içgin öwredip, ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmeginde wajyp ähmiýete eýe bolýar.

 

Ussadyň her bir çiten öýdümi, döreden halysy özünde gadymy däpler bilen täze usullary sazlaşykly utgaşdyrmagy başarýar, täze pikirler bilen baýlaşýar. Çeper elli we ýiti ukyp-başarnygy bilen saýlanýan halyçynyň döredijiliginde ýüzlenýän ýordumlarynda tebigatyň gözelligi, milli däp-dessurlarymyz, ata-babalarymyzyň taryhy geçmişi we ýurdumyzyň bagtyýar zamanada gazanan ýokary üstünlikleri öz beýanyny tapýar.

 

Serginiň ekspozisiýasyny bezeýän uly ölçegli “Derweze gölli”, “Şemşat gölli”, “Guş aýakly” düşeklik halylary, “Agzybirlik” atly bereketli saçaklarymyzyň bezegi-desterhanlary, baý bezegli toý saçaklar, torbalar, horjunlar, toý-baýramlarda bedewleriň görküne görk goşýan “At halyklar”, kilimler  hem-de zenanlarymyzyň gündeki durmuşda ulanýan “Kerwen saraý”, “Byçgy gölli”, “Göşşük nagyşly” el torbalaryň dürli görnüşleri gelen tomaşaçylary özüne çekýär.

 

Annabibi Islamowa türkmen nusgawy haly sungatyndan ylhamlanyp, özboluşly, täze çeper nagyşly we üýtgeşik reňk düzümli eserleri döretmäge çalyşýar. Ussadyň çeper ellerinden dörän her-bir haly gölünde we nepislik bilen sünnälenen nagşynda bagtyýar durmuşymyzyň manysy we gözelligi, ýürek beýanlary çitilip, türkmeniň kölüniň ýürek aýdymy joşup aňlanýar. Goý mundan beýläk-de halypamyzyň döredijiligi gülläp össün, türkmen haly sungatymyzyň şöhraty baky ýaşasyn!

 

 

Aýjan Kadyrowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň müdiri.