Türkmenistan döwletimiziň çäklerinde ýerleşýän gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan şan-şöhratly taryhy we medeni ýadygärliklerimizi öwrenmekde, dikeltmekde uly işler alnyp barylýar, gadymy galalar, depeler arhitektura we arheologiýa ýadygärliklermiz türkmen halkynyň öçmejek, şeýle hem bakylyk üçin dörän tapylgysyz baýlygydyr. Türkmen topragy asyrlaryň dowamynda ýaşan onlarça, ýüzlerçe danalar, alymlar, zergärler, halyçylar, şahyrlar, taryhçylar, türkmen milletimiziň keramatly topragnyň taryhyny wasp edip geçen beýik şahsyýetleriň mekanydyr. Türkmen halkynyň baý taryhy medeni kökleri müňýyllyklaryň jümmişine siňýär. Türkmen halkynyň beýik geçmişimiziň gadymy taryhynyň bolanlygyna ata-babalarymyzyň bize miras galan taryhy galalarymyzyň, üsti bilen hem göz ýetirmek bolýar . Şol taryhy galalaryň biri hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap merkeziniň demirgazyk-günbatar çetinde ýerleşýän Gökdepe galasydyr. Şeýle hem bu galada häzirki döwürde galanyň içinde “Beýik Saparmyrat hajy” metjidi salyndy. Metjit 1995-nji ýylda salnyp galanyň günorta-gündogar diwarynyň 500 m töweregi rejelendi „Gökdepe“ Milli muzeýi 2009 ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkyna öz gapysyny giňden açdy. Milli muzeýiniň umumy tutýan meýdany 4977,0 inedördül metr.“ Gökdepe galasy“ azatlyk söýji türkmen halkynyň taryhy arhitektura ýadygärligidir. Galanyň döredilen hem-de onuň gahrymanlarça goralan döwri 1879-1881-nji ýyllara degişlidir. Gökdepe galanyň gurluşy göni bolmadyk 4-burçlukdan ybarat. Onuň umumy tutýan daşky diwarlaryň uzynlygy 4377 m bolup şol sanda gündogar tarapynyň uzynlygy 1534 m günorta diwary 511 m günbatarky diwary 1437 m hem-de demirgazyk diwary 895 m bolup, goralýan meýdanyň umumy tutýan meýdany 103 gektara barabar. Galanyň diwary pagsadan bolup ,daş we iç ýüzileri örtüklerden ybarat.Şeýle hem onuň beýikligi nyşana alyp ok atmaga mümkinçilik berýän derejede bolupdyr. Diwaryň galyňlygy 10 m gowrak bolup diwaryň ýokarsy 5-3 m 7,4 m barabar. Bu gala mundan birnäçe ýyldan gowrak wagt ozal Gökdepe galasynda bolan söweş türkmen özbaşdaklygy, erkinligi ähli zatdan ileri tutýandygyny duşmana garşy göreşmeli bolanda agzybirligiň ruhybelenligiň türkmene gurbat berýändigini gürrüňsiz subut etdi. Ine şonuň üçin hem Gökdepe galasynda bolan söweşde güýji deň bolmadyk duşmana berk gaýtawul berip , bu toprakda baş goýan şehitlere bu gün tagzym edýäris. Olaryň gahrymançylygyny, watansöýüjiligini terbiýe mekdebine öwürýäris. Gökdepe galasynda bolan söweşde topy tophanasy bilen agyr leşgerini sürüp gelen duşman galanyň diwarlaryny haýýynlyk bilen syndyrdy. Ýöne ol şir ýürekli türkmen ýigitleriniň, är gaýratly garagöz gözelleriniň erkini syndyryp bilmedi. Ýigitlerimiziň hem-de zenanlarymyzyň gaýduwsyzlygy, edermenligi ruhy taýdan durnyklylygy mizemezligi rowaýata öwrülip, her bir türkmeniň kalbynda ýaşaýar.
Bu taryhy muzeýde türkmen halkynyň baý geçmiş taryhyndan habar berýän gadymy arheologiýa we arhitektura ýadygärlikleri, milli mirasymyzdan söhbet açyp ene-mamalarmyzdan miras galan şaý-sepleri, milli lybaslasry ekerançylyga degişli bolan gurallaryň köp bölegi we Gökdepe urşunda ulanylan dürli ýaraglar ýerleşdirilen. Gökdepe milli muzeýi öziniň owadan gurluşy, içinde türkmen halkynyň geçmiş taryhyny ýatladýar.