logo

Latest news:
✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦
Home / Economics /Gök-bakja ekinleriniň gymmatlylygy
  17.02.2021
1392
Gök-bakja ekinleriniň gymmatlylygy

      Häzirki wagtda harytlaryň gelip çykan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirmek barad işler alnyp barylýar. Önüm öndürijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň hukuk taýdan goralmagyna, harytlaryň hiliniň kepilleşdirilmegin, şeýle hem olaryň eksportunyň möçberini artdyrmak barada uly işler edilýär. Azyk wäe oba hojalyk önümlerininiň öndürilişini artdyrmagyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy, senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik taslamalarynyň 88-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Munuň özi diňe bir içerki bazary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem onuň eksport möçberini artdyrmaga-da mümkinçilik berer. Ýurdumyzda gök, bakja we miweli önümleriň önümçilik mukdarlaryny artdyrmak baradky edilýän aladalar ünsi has-da özüne çekýär. Munuň özi ilatymyzyň ýokary hilli, ekelogiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerrine bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyny üpjün eder.

     Ekerançylyk meýdanlarynyň medeniýetini gowulandyrmak, ekin dolanyşygyny ylmy esasda ýola goýmak, gowaça ekininden ýokary hilli bol hasyly almak üçin geçirilýän agrotehniki çäreleriň has kämil usullaryny ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Pagtaçylykda alynýan girdeýjini artdyrmagy bir gektardan alynýan hasyllylygy ýokarlandyrmagyň hasabyna gazanmak gerkdir.

    Ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumunuň netijeliligini ýokarlandyrmak we azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler möhüm ugurlaryň hatarynda durdýar.

      Häzirki wagtda welaýatlarda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekilşiniň ýokary hilli bolmagy barada birnäçe işler alnyp barylýar. Güýz paslynda ýetişip, gyşda saçaklarymyzy bezeýän gök önümler, datly miweler az däl. Şeýle datly miweleri boldan getirýän baglaryň biri-de nar agajydyr. Nar agajynyň miwesiniň we onuň gabygynyň dermanlyk häsiýetleri has ir döwürlerden bäri bellidir. Halk lukmançylygynda nar sarygetirmede, kelleagyryda, ganazlykda, süňk döwülende, eşidiş we görüş ulgamlarynyň sowuklamasynda, aşgazan içege sökelliklerinde peýdalanylypdyr. Onuň gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýandygyny hem-de bedeniň öýjükleriniň köp wagtlap öz durkunda saklanmagyna, ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegine ýardam edändigini lukmanlar belleýärler.

     Häzirki wagta Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda Ýurdumyzda alnyp barylýan eksport işleri diýseň ýokary derjelere beslenýär. Ýurdumyzda ekilýän gök bakja ekinleri diňe bir göňşy Döwletlere däl, beýleki döwletlerede eksport edilýär we ol gök-bakja önümleri ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Bularyň özeninde bolsa Belent Serkerdebaşymyzyň öz halky üçin edýän uly aladalary ýatyr. Şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize biziň alkyşlarmyzyň çägi ýok. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutmly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!