Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ahalteke bedewi türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Sagdyn jemgyýet — ösüşiň ygtybarly binýady ✦ ✦ Jobs In Ashgabat: iş berijiler we iş gözleýänler üçin HR consulting hyzmatlary ✦ ✦ Pekin emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmegi meýilleşdirýär ✦ ✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara tejribe alyşmak maksady bilen okuw seminary guraldy ✦ ✦ Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni dabaraly bellenildi ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Emeli aň bilen milli ykdysady howpsuzlyk pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwy geçirildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Geljek ýyl Dünýäniň iň yssy ýyly bolup biler!
  20.12.2022
936
Geljek ýyl Dünýäniň iň yssy ýyly bolup biler!

Iňlis Meteorologiýa Guramasy 2023-nji ýyla degişli global temperaturasynyň çaklama hasabatyny mälim etdi. Netijede, geljek ýyl senagatdan öňki döwürde (1850-1900) ölçenen temperaturanyň 1,20 ° C ýokarlanjakdygyny we 2023-nji ýylyň Dünýäniň iň yssy ýyly boljakdygyny çaklady.

Hasabatda soňky 3 ýylda dünýäniň La Nina-nyň täsiri astyndalygy we bu ýagdaýyň dünýäni kyn ýagdaýa salýandygy hem mälim edildi. La Nina - Ýuwaş ummanyň ekwatorial zolagynda ummanyň temperaturasynyň üýtgemegi netijesinde birnäçe ýyldan bir gezek ýüze çykýan çylşyrymly howa ýagdaýy bolup durýar. Hasabatyň soňunda, La Nina-nyň 2023-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýandygy bellenilip geçildi. Güýçli şemallar, çuňlukdan hereket edýän ýyly suwy Günorta Amerikadan Indoneziýa alyp gidýär. Ýyly suw hereket edýän wagty, sowuk suw Günorta Amerikanyň kenar ýakasyna çykýar we sowadyjy hökmünde çykyş edýär. Adatça, bu wakalar her 3-5 ýyldan bir gezek bolup geçýär, ýöne wagtal-wagtal yzygiderli hem bolup bilýär.

2023-nji ýyldaky global temperatura çaklamasynda iň yssy ýyllaryň 2014-nji ýylda başlanandygy we şondan bäri global temperaturanyň ortaça 1,0°C ýokarlanandygy mälim edilýär. Global temperaturanyň her ýylyň başynda ediljek çaklamalar bilen deňeşdirilişine görä, 2020-nji ýylda 1,19°C - 1,27°C, 2021-nji ýylda 1,11°C - 1,11°C, we 2022-nji ýylda 1,09°C ýokarlanmany görkezýär. Alymlar şu ýyl tebigy wulkan atylma hadysasynyň köp bolmagy sebäpli Ýeriň wagtlaýyn sowandygyny belleýärler.

Uly wulkanlaryň atylmagy bilen kükürt dioksidi stratosfera geçýär we suw bilen birleşip, kükürt kislotasynyň aerozollaryny emele getirýär. Kükürt kislotasy stratosferadan gelýän gün radiasiýasyny görkezýän we Ýeriň ýüzüniň sowamagyna sebäp bolýan kiçijik damjalary döredýär. 

 

Alp Arslan Kulyýew,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.