Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Garagum-gözelligiň sallançagy
  22.10.2020
722
Garagum-gözelligiň sallançagy

      Ýer ýüzünde Sahara, Gobi, Atakama ýaly äpet çöller bar. Zeminiň dürli künjeklerinde ýerleşen bu çöl-sähralaryň biri-birine meňzemeýän tebigy şertler, ösümlikdir haýwanat dünýäsi mahsus. Gargum çöli özboluşly, türkmen halky bu owadan hem uç-gyraksyz sährany özüniň sallançagy saýypdyr. Taryhyň sahypalary, köne geçmişiň ýazgylary, jahankeşdeleriň ýatlamalary Garagum adynyň aslyýettinde «Beýik gum», «Uly sähra» manylaryny berýändigini aýdýar. Garaguma taryhda «Baky güneş ýurdy» hem diýlipdir. Gumuň 1 sm² ýeriniň üstüne ýylda 160 müň içki kaloriýa ýylylyk düşýär. Bu san öňki SSSR-iň Ýewropa böleginde 95 müňden geçmeýär. Türkmenistanyň 79%-ni Garagum çöli tutýar. Sähranyň ýaýlyp ýatan meýdany 200 million gektar çemesi. Çölüň ýylylyk möçberi tropiklerden pes däl, ýöne suw gytrak. Sähranyň üstüne ýylda ortaça 100 millimetr ygal düşýär. Garagumyň 3 mllion gektara golaýy takyr ýerlerdir. Tabigat aslyýetinde gözellik, owadanlyk diýlen düşünjeden gaýdýar. Onuň asman bilen zemin arasyndaky beýik sazlaşygy göreniňde aklyňy haýran edýän ebedi durky, özüne siňdiren ajaýyplygy hakykatda henize çenli açylmadyk syrdyr. Ynsan bilen tabigatyň hemişe ysnyşykda, bozulmaz sazlaşykda ýaşamagy hökmanydyr. Şu kada bozulan ýagdaýynda olaryň ikisine hem zeper ýetýär.

     Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan Milli we Bütindünýä biodürlüligi goramak meselelerine işjeň gatnaşýan ýurda öwrüldi. Geografik ýerleşişi, tebigy klimatik şertleriniň täsinligi, daşky gurşawyň düzüminiň köpdürlüligi, şol dürlülige aýawly çemeleşip, ony asyl durkunda geljekki nesiller üçin aýap saklamagyň zerurlygy üçin Türkmenistan Rio-de-Žaneýro Bütindünýä (global) ekologik Konwensiýasyny, ýagny biologik köpdürlülik baradaky konwensiýany, BMG-niň Klimatyň üýtmegi baradaky çäklendiriji we Çölleşmege garşy göreş baradaky Konwensiýalaryny tassyklady.

     Goja zemin bize iň owadan, iň tereň, iň mukaddes zatlary, ýagny tebigy gözelligi peşgeş beripdir. Şony gorap saklamak, oňa diýseň aýawly çemeleşmek, ol gymmatlygyň diňe özümiz üçin däl, nesillerimiz üçin, şu günümiz üçin däl, ertirimiz üçin wajypdygy hakda oýlanmak biziň ynsanlyk borjumyzdyr. Geosyýasy taýdan amatly ýerde-Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen, umumy meýdany günbatardan gündogara 1100 km, demirgazykdan günorta 650 km-e uzap gidýän, geografik taýdan demirgazyk ýarym şaryň aram guşaklygynyň çöller zonasynda ýerleşýän Türkmenistan tebigy gözelligi hem tebigy baýlygy babatda gaýtalanmajak ýurtdyr. Gargum çölüne mahsus bolan, diýseň täsin gara ojar tokaýlarynda indi gözüň eglenýär. Diňe bir çöle mahsus bolan ak gandym, gyzyl gandym, ak sazak, gum borjagy, sözen tokaýlary däl, hut gara sazagyň-ojaryň jeňňel bolup ýaýran meýdany goraghananyň 45%-ni tutýar. Bu, elbetde, diňe ýurduň däl, eýsem sebitiň biologik köpdürlüliginiň kemala gelýändiginiň, Garagumuň gözel tebigatynyň asyl durkunyň saklanmagy üçin edilýän aladanyň ýerine düşýändiginiň subutnamasydyr.