logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Gadymy pul serişdeleri barada
  22.03.2021
869
Gadymy pul serişdeleri barada

      Ýagny, gadymy pul serişdeleriniň dolanyşyga girizilmegi häzirki zaman siwilizasiýasynyň kemala gelmeginde esasy orunlaryň birini eýeledi. Has takygy, pullar hem küýzegärlik işleri we hat ýazuwy ýaly ynsan aňynyň beýik oýlap tapyşlaryna girýär diýip ynamly aýtmak bolar.Gadymy gündogarda puluň wezipesini belli bir agramlardaky we ölçeglerdäki demir ýa-da daş bölekleri ýerine ýetiripdir. Harytlary takyk çekmek üçin zerur bolan dürli agramlyklaryň peýda bolmagy köp sanly arheolagik tapyndylar bilen tassyklanýar. Olar biziň eýýamymyza çenli 4 asyň ahyry hem-de 3 müňýyllyk eneolit we irki bürünç eýýamlary bilen senelenýär.

Şeýlelik-de, Türkmenistanyň çäginde şeýle agramlyklar Änewde, Garadepede, Namazga depede, Ýylgynly depede we şol uzak döwürleriň beýleki ýadygärliklerinde ýüze çykaryldy. Olar soňky döwürlerde hem, Köpetdagyň demirgazyk etekleriniň ýaşaýjylary hem-de Murgap derýasynyň ugrundaky hasylly ýerleri özleşdiren wagtynda hem ulanypdyrlar. Ol ýerde Marguş ýa-da gadymy Margiana diýen patyşalyk döräpdir.

Şol siwilizasiýanyň has ösen ýerlerinde pul serişdeleriniň beýleki görnüşlerine hem duş gelmek bolýar. Goňurdepe galasynyň esasy derwezeleriniň ýanynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende tokinler dürli görnüşdäki ştrihler çekilen toýun şarjagazlar tapyldy. Ol şarjagazlar gala girilende, bu ýere önümler ýa-da harytlar getirilende gapyda goýlup geçilen hasaplaşyk žetonlary bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar. Bu şarjagazlaryň esasy puluň wezipesini ýerine ýetiren bolmagynyň ähtimallygy çaklanylýar.

Mundan başga-da, Marguş ýurdundan gadymy pullara degişli bolup biljek zatlaryň ýene bir toplumy gelip çykýar. Ýagny olar, dürli halkajyklar ýa-da çyzyklar görnüşinde haşamlanan daşlar we keramiki ikler bolup durýar. Şeýle-de, 2008-nji Lebap welaýatynda ýerleşýän Köýtendagyň eteginde we gadymy Baktiriýanyň ýerlerinde şeýle demir žetonlaryň tutuş hazynasy ýüze çykaryldy.

Ilkinji teňňeleriň ýüzlerinde Aleksandr Makedonskiniň suraty şekillendirilipdir. Türkmenistanyň çäginde onuň şekili ýerleşdirilen pullar tapyldy we ýurdumyzyň muzeýleriniň gadymy pullarynyň üstüni ýetirýär. Bular ýaly pullar häzirki wagtda dünýäniň ähli iri muzeýlerinde saklanýar.