logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Nature /Ekologiýa ýurduň möhüm syýasy ugrudyr
  26.10.2023
743
Ekologiýa ýurduň möhüm syýasy ugrudyr

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak bilen bagly meseleler ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar.

 

 

Ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty howanyň arassalygyny we ozon gatlagyny goramaga, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, ekoulgamlaryň dikeldilmegine, atmosferada bugly we metangazlarynyň toplanylmagynyň durnuklaşdyrylmagyna,klimatyň üýtgemeginiň tehnogen täsiriniň = peseldilmegine gönükdirilendir.Diýarymyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda öne sürýän başlangyçlary tutuş dünýäde barha giň goldawa eýe bolýar.

 

 

2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ekologiýa boýunça iň iri okuw sapagynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Amala aşyrylýan giň gerimli çäreleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda oňyn syýasaty alyp barýandygyny görkezýär. Daşky gurşawyň baýlyklaryny we köpdürlüligini goramak, baýlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň amala aşyrylmagy Watanymyzyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini kepillendirýär.

 


Türkmen topragynyň ajaýyp tebigatyny gorap saklamak, suw, ýer we biologik serişdelerini rejeli peýdalanmak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak meseleleriniň oňyn çözülmegi adamlaryň saglygynyň goralmagyny üpjün edýär. Seýilgäh we gök zolaklaryň döredilmegi, olaryň meýdanlarynyň giňeldilmegi halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ugrundaky gadymy däpleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.

 


Eziz BARATOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň
2-nji ýyl talyby.