logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Agriculture /Ekologiýa syýahatçylygy barada düşünje
  07.12.2023
969
Ekologiýa syýahatçylygy barada düşünje

Häzirki döwürde ekologiýa syýahatçylygy (mundan beýläk – ekosyýahatçylyk) dünýäde syýahatçylyk we myhmanparazlyk pudagynda uly orny eýeleýär. Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (BSG) bilermenleriniň çaklamalaryna görä, XXI asyrda onuň ösüş depginleri ozalkysy ýaly ýokary bolar, getirýän girdejileri bolsa dünýäniň köp ýurtlarynyň, aýratyn-da ösýän ýurtlaryň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşar. Şeýlelikde, yzagalak, ozaly bilen daglyk sebitleriniň jemgçyýetçilik-ykdysady ösüşini höweslendirmäge mümkinçilik dörär. BMG-niň 2002-nji ýyly ekosyýahatçylygyň ýyly we daglaryň ýyly diýip atlandyrmagy tötän däldir. Syýahatçylygy we jahankeşdeligi durnukly ösdürmegiň baş ýörelgesini durmuşa geçirmekde ekosyýahatçylyk bilen uly umytlar baglanylýar. Tebigy we medeni-taryhy syýahatçylygyň mümkinçilikleriniň rejeli ulanylmagy köpçülikleýin syýahatçylygyň köp zyýanly netijeleriniň öňüni almaga mümkinçilik berer. Ekosyýahatçylygyň döremeginiň baş sebäpleriniň arasynda syýahatçylygyň köpçülikleýinligi netijesinde tebigy we medeni-taryhy syýahatçylyk mümkinçiliklerine adamlaryň täsiriniň güýçlenmegi esasy orny eýeleýär.

 

 

Şeýle täsir syýahatçylyk saparlarynyň ösüş depginlerine gönüden-göni barabarlykda artýar. Bütindürýä syýahatçylyk guramasynyň XXI asyrda syýahatçylygyň ösmegi baradaky çaklama maglumatlary nazara alnanda,syýahatçylyk islegini kanagatlandyrmak bilen syýahatçylyk mümkinçiliklerini rejeli peýdalanmak meselesinde gapma-garşylyklaryň artýandygy barha äşgär bolýar.

 

 

Köpçülikleýin syýahatçylygyň daşky gurşawa we syýahatçylyk mümkinçiliklerine zyýanly täsir etmeginiň alamatlary baryp 70-nji ýyllarda daşary ýurtlarda we ýurdumyzda geçirilen barlaglar netijesinde ýüze çykaryldy. Häzirki döwürde adamlaryň zyýanly täsiri hem-de bu hadysanyň ösüşiniň bökdeýji häsiýeti syýahatçylyk pudagynyň ugurlarynyň we syýahatçylygyň görnüşleriniň ählisinde, syýahatçylyk sebitleriniň aglabasynda bildirýär. Mysal üçin, baryp 1973–1983-nji ýyllarda Polşada şu sebäpli derýalar we köller boýunça suwdaky syýahatçylyk ugurlarynyň uzynlygy 40 göterim, deňizdäkileriňki bolsa 70 göterim gysgaldy. Zeper ýeten tokaýlaryň meýdany 60 göterim artdy. 1976-njy ýyldan bäri ABŞ-da Balinger kanýonynda syýahatçylara hyzmat edýän awtoulaglaryň gatnamagy netijesinde topragyň we ýeriň örtüginiň zaýalanmagynyň depgini aňryçäk ýol berilýän derejeden 86 esse ýokary boldy.

 

 

Babamyrat BALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby