Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Tebigat /EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYŇ KEPILLENDIRILMEGI
  01.12.2022
742
EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYŇ KEPILLENDIRILMEGI

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesinde döwletimiziň adamzadyň durnukly ösüşine, ony harby we ekologik howplardan goramaga, dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga goşýan goşantlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Ýeri gelende döwletimiziň dürli maslahatlarda halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny berkitmek babatda öz konsepsiýasyny resmi taýdan beýan edendigini we birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürendigini bellemelidiris.

Häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orun eýeleýän Türkmenistan Watanymyz degişli ugurda umumy tagallalara önjeýli goşant goşup, dürli ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň esasy ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň dürli düzümlerinde, komissiýalarynda we maksatnamalarynda alyp barýan işleri aýdyň şaýatlyk edýär. Şol edaralar bilen bilelikde häzir birnäçe taslamalar we maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy.

Türkmenistan özünde sagdyn ekologik ýagdaýyny saklamak bilen, BMG-niň örän ähmiýetli tebigaty goraýyş konwensiýalarynyň birnäçesine, ýagny biodürlülik hakyndaky we çölleşmä garşy göreş konwensiýalara, Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýa hem-de Kioto teswirnamasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena Konwensiýasyna hem-de Ozon gatlagyny weýran edýän maddalara degişli Monreal teswirnamasyna, Bazel we Orhus Konwensiýalaryna, BMG-niň suwly, batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasyna goşuldy. Bu halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryna amal etmek bilen ýurdumyzda adamlaryň we raýatlaryň sagdyn ýaşaýşyny, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär.

Döwletimiziň içeri syýasatda ýöredýän ekologiýa ýörelgeleri daşary syýasat meselelerinde-de özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Arkadagly Serdarymyz halkara maslahatlarynda we forumlarynda edýän çykyşlarynda Türkmenistanyň ýöredýän ekologiýa syýasatynyň many-mazmunyny doly beýan edýär we bu babatda umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň ençemesini öňe sürýär. Bu bolsa döwletimiziň ýöredýän ekologiýa syýasatyny, daşky gurşawy goramak ugrunda ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreleri we olaryň halkyň hem-de sebitiň ykbalyndaky ähmiýetini halkara jemgyýetçiligine aýan edýär.

Ýurdumyzda ýöredilýän ekologiýa syýasaty, tebigatyň arassalygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen halk bähbitli, döwlet ähmiýetli çäreler ylmy we milli ýörelgelere, häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýar. Ekologiýa syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň ähli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris! 

 

Güljemal MÄDEMINOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.