Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi hoşallyk döredýär ✦ ✦ Türkmen talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy ✦ ✦ Ykdysadyýet ulgamynda ýetilen üstünlikler ✦ ✦ Hytaý diliniň milli usulyýetini kämilleşdirmekde ähmiýeti ✦ ✦ Hytaý dilini okatmakda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmagyň ähmiýeti ✦ ✦ Iňlis dilindäki tehniki adalgalaryň elektron sözlüginiň ähmiýeti ✦ ✦ Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy ✦ ✦ Smart tehnologiýalar: häzirki döwrüň innowasion ösüşiniň esasy ugry ✦ ✦ Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllarynda telekommunikasiýa ulgamlarynyň ösüşi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Ekologiýa abadançylygy – derwaýys mesele
  16.01.2023
935
Ekologiýa abadançylygy – derwaýys mesele

Garaşsyz hem hemişelik Bitarap ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary babatda netijeli işler ýola goýulýar. Ýurdumyz halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda BMG-niň «Biologik dürlülik hakyndaky» Konwensiýasyna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip gelýär. Şeýle-de «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryndan, «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyndan», Tokaý kodeksinden, beýleki kanunçylyk namalaryndan gelip çykýan möhüm çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy wezipesi ilatymyzyň abadan durmuşyny, arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize ýetirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler giň gerime eýe bolýar. Eziz Diýarymyzda daşky gurşawy goramak babatda kanunçylyk binýady yzygider kämilleşdirmek boýunça hem işler alnyp barylýar. Bu ulgamda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barha ýaýbaňlandyrylmagy, daşky gurşawy goramak boýunça halkara forumlaryň, ylmy maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Döwletimiz bu ugurda BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýär. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmeklik ileri tutulyp,  «ýaşyl ykdysadyýetiň» ösmegi üçin möhüm şertler döredilýär. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine ählumumy derejede ýurdumyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň töwereginde bag nahallaryny ekmek arkaly gök zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzak möhletleýin maksatnamalar üstünlikli ýola goýulýar. Onuň çäklerinde şäherleriň, ilatly ýerleriň töwereklerinde, awtomobil we demir ýollarynyň ugurlarynda täze ýaşyl bag zolaklarynyň giň meýdany kemala gelýär. Ýurdumyzy bagy bossanlyga öwürmek, ekologiýa howpsuzlygyny doly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan şeýle zerur çäreler Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary netijesinde barha gözelleşýän tebigatymyza bolan buýsanjy has-da artdyrýar. 

 

Merjen KAIPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Bagbançylyk we gök ekerançylyk 
kafedrasynyň uly mugallymy.