logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Tebigat /EKOLOGIK TERBIÝÄNIŇ ÄHMIÝETI
  07.01.2023
2446
EKOLOGIK TERBIÝÄNIŇ ÄHMIÝETI

Ekologik bilim ýaş nesillerde özüňi alyp barmaklygyň ahlak kadalaryny, terbiýäni  emele getirmäge şert döredýän görkezijidir. Ol ekologik düşünjeleri, ukyp-endikleri öwretmek üçin ulgamlaýyn amala aşyrylýar. Bu işleri netijeli alyp barmak we ekologik bilimi yzygiderli ösdürmek üçin ekologik taýdan sowatly ýaşlary, hünärmenleri taýýarlamak, okuw-usulyýet binýadyny güýçlendirmek möhümdir. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Ekologik terbiýe meselesine üns bermek bilen, okuw dersleriniň çäginde ekologiýa dersini içgin öwretmek, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak babatda berilýän bilimi ýokarlandyrmaga ýardam berýän ýörelgeler hil taýdan kämilleşdirilýär. Ekologik medeniýetiň esasy maksady jemgyýetiň, aýratyn hem ýaş nesliň ekologik düşünjesini, milli terbiýesini kämilleşdirmek, tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň tejribesini ösdürmekdir. Şeýle çäreler adamyň sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini kemala getirmäge, abadan durmuşy üpjün etmäge, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny ýola goýmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň çäklerinde başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň ählisinde bilim alýan ýaşlara ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça okuw dersini okatmak giňden ýola goýuldy. Gözel tebigatymyzy, sahawatly topragymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak işine halk köpçüligini, aýratyn hem ýaş nesli çekmek häzirki döwrümiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Daşky gurşawy gowulandyrmak üçin köpçülikleýin bag ekmek çäreleri ýaşlarda tebigata bolan söýgini ösdürip, oňyn garaýşy artdyrýar. Ýurdumyzyň tokaý baýlyklaryny artdyrmak, gurşawyň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, paýtagtymyzyň daş-töwereginde, obalarymyzyň we şäherlerimiziň töwereginde döredilýän tokaý zolaklarynyň ösdürilmegine ähli raýatlarymyzy işjeň gatnaşýarlar.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ekologik bilimi we ekologik medeniýeti ösdürmek, daşky gurşawy goramak baradaky uly aladalar, giň möçberli tagallalar bu ugurda alnyp barylýan ýörelgäniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýanydyr. 

 

Döwletmyrat ANYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.