logo

Latest news:
✦ «Sanly geljek-2026» bäsleşiginde iň gowy IT we robototehnika taslamalary saýlandy ✦ ✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦
Home / Nature /Edil şu wagt Aýda sagat näçe?
  25.05.2023
1211
Edil şu wagt Aýda sagat näçe?

Wagt durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi hasap edilýär. Wagtdan gaçyp sypmak ýok. Bellenen sagatlar we duýduryşlar durmuşymyza doly täsir edýär. Tehnologiýadan ýüz öwrüp, tebigata gaýdyp gelsek-de, Ýeriň öz okunyň aýlanmagyna we Günüň daşyndaky hereketine bagly ýaşamaly bolýarys. Adamzat dünýäde ähliumumy senäni we wagt guşagyny kabul edýär.

Halkara kosmos stansiýasynda günde 16 gezek gün batýanlygy sebäpli, wagt zolagy hökmünde ähliumumy wagt (UT) hasaplanýar. Bu bolsa Grinwiçiň ortaça wagty (GMT) bilen deňdir.

Bu logika görä, ähliumumy wagt Aýyň wagtydyr. Emma, ​​bu düýbünden dogry däl. «Artemis III» bilen Aýyň üstüne ýene gonular. Emma häzirki wagtda Aýda haýsy wagt zolagyny ulanmalydygy barada doly gelnen netije ýok. Häzirki wagtda kosmosda haýsydyr bir wezipe ýerine ýetirilende, ýerine ýetirilýän ýurda laýyk wagt zolagy ulanylýar.

Emma Aýda, Ýerdäki ýaly, Günden peýdalanmak derege ýaramaýar. Sebäbi, bu ýerde günüň dogmagyndan ýaşýança 14,77 Ýer güni gerek bolýar. Mundan birnäçe wagt öň internetde «Aý standart wagty» atly teklip öňe sürlüpdi. Bu teklipde sekuntlar, minutlar we sagatlar öňküligine galýar, 24 sagady bir aýlaw hökmünde göz öňünde tutsak, 30 aýlaw doly aý gününe gabat gelýär, bu takmynan dogry bolupdy.

«Apollo» kosmonawtlary hem belli bir wagt guşaklygyny ulanmadylar. Kosmonawtlar «Launch Time History» (GET) diýlip atlandyrylýan wagt ulgamyndan peýdalandylar. Şonuň üçin häzir hem Aýda nähili wagtdan peýdalanmaly, haýsy wagt zolagyny ulanmaly bu meselelere çözgüt gerek bolup durýar. 

 

Pirguly ÝALKAPOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň uly mugallymy.