Biz duýgularyñ täsirindäki adamlar,süýji hem-de mylaýym sözler hoşumyza gelýär. Joş urýan sözlemler gaýratymyzy alawlandyrýar. Maksat-myratlarymyza ýetmek üçin käteler duýgularymyzyñ taryna kakmagam zerur bolup durýar. Duýguçyllyk, täsirlilik aýyp zat däl. Birek-birege göwün göteriji duýgularda bolmak halanylýan hereket. Tersine, olar köp ýerlerde bize gaýrat, gylaw berip, hereketlendirýän, bizden beýik hem-de manyly zat çykarýan haýyr, yhsan etmeklige iterýän, adamkärçilikli işlere meýletinlik bilen barmagymyza höwes döredýän häsiýetdir. Göwün galkyndyrýan sözlerden gulagy gananda halkyñ mümkin däl görünen zatlaňam hötdesinden gelýänligini, başaryp bolmaz öýdülen zatlaryňam başaryp bolýandygyny, hat-da bütin dünýäni dikeltmäge hem gaýratlydygyny görýäris.Ol biziñ güýç-kuwwatymyzy alawlandyrýan, beýik hem-de ýagşy işleri bitirmegimize bolan ynamdyr yhlasymyzy tijeýän güýçdür.
Duýgudaşlyga aýratyn ähmiýet berýän adamyñ ýüregi rehim-şepagatdan, adamkärçilik häsiýetlerinden doludyr. Ýöne duýgulary akyl jylawlary bilen çekip, bir kada salmasañ, onuñ özüniñ hakyky ýolundan, çäginden çykýan halatlary-da bolýar. Çäginden çykan duýgular bize birnäçe nogsanlyklary, aýyplary, şahsy kynçylyklary peşgeş berýär. Salyhatly adam haýsy-da bolsa bir garaýşa eýe boljak bolsa, ýa-da nämedir bir zat, kimdir biri hakda bir netijä geljek bolsa, ol işlere şahsy duýgularyny garyşdyrmaly däldir. Anyk ölçeglere laýyk gelýän sagdyn esaslara daýanmak arkaly netije çykarmalydyr. Anyk bir pikire gelmelidir.Ine, köplenç halat-da eýelik edip bilmeýän bir häsiýetimizem şudur. Aramyzda käbir adamlar öz şahsy duýgularyna esaslanyp netijä gelýärler, duýgularymyza berlip duşman bolýas, duýgularymyza berlip tankyt edýäs. Emma duýgy hem-de sagdyn akyl hersi bir başga. Olaryñ hersiniñ öz ölçegleri, orunlary bar. Kimdir biri ýa-da haýsy-da bolsa bir iş hakynda pikirimizi ýaňzytjak bolsak, köplenç has köp delillere, ölçeglere mätäçdirs. Ömrümiñ belli bir ýyllarynda endige öwrülip galan bir häsiýetim bardy. Öz pikirlerimiñ tarapdarydym. Kim meniñ bilen ylalaşsa, kimiñ pikiri meniñ pikirim bilen gabat gelse, oña ýüregimiñ töründen orun bererdim. Meni makullamaýanlar ýa-da pikirim bilen ylalaşmaýanlara garaýşym düýpgöter başgady. Meniñ şeyle endiklerim, şol häsiýetim zerarly gör näçe zat ýitirdim. Hiç hili söweşdir darkaşa girmezdenem garşydaş saýanlarymyň sany artdy gitdi. Birnäçe ýitgileri görenimden soňra aň ýetirdim. Nämedir bir zat, ýa-da kimdir biri hakyndaky garaýyşlarymyz, pikirlerimiz duýgy esasynda kesgitlemeli däl eken. Mañzyma batmaýan ýekeje bir häsiýet üçin bir ynsana kem baha garamaly däldigine düşündim. Gutarnykly netijä gelmekde hem duýgular däl-de akyly, logikany ileri tutmalydygyna akyl ýetirdim. Şondan bäri kimdir biri hakynda öz garaýşymy ýaňzytmak islesem, oňa öz pikirlerimi, garaýyşlarymy, tankydy pikirlerimi pespällik bilen aýdýaryn. Ýandepderçäme şeýle bellik edipdirin. Kejir-küýli adamlarda sagdyn garaýyş, nukdaýnazar ýokdur. Olar diñe duýgularyň elindäki ýesirdir.
Bägül Maşrykowa,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklar institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.