logo

Latest news:
✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦ ✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦
Home / Health /DÜÝE ÇALY
  01.06.2022
1721
DÜÝE ÇALY

Türk­men hal­ky­ dü­ýe ma­lyny bag­tyň, rys­gal-döw­le­tiň ny­şa­ny hö­k­mün­de görýär.  Düýe maly maldarçylyk pudagynda gaty ir döwürden bäri orun alyp gelýär. Düýeleriň uzak wagtlap suwsuz oňýandygy hem olaryň özboluşly tarapydyr. Düýedarçylyk ahmiýeti oba hojalyk pudagy bolup, ol süýt, et ýüň öndurmeklikde ep-esli orun tutyar. Düýe süýdi özboluşly ysy we tagamy bilen beýleki oba hojalyk mallarynyň süýdünden tapawutlanýar. Düýe süýdünden yaramly içgi çal we ak agaran taýýarlanylýar. Dü­ýe süý­di zy­ýan­ly be­den­jik­le­ri öl­dü­ri­ji hä­si­ýe­te eýe bolup, dü­zü­min­de süýt şe­ke­ri, be­lok, ka­ze­in, al­bu­min we glo­bu­lin ýa­ly wi­ta­min­ler sak­lan­ýar.  Dü­ýe süý­dü­niň ýag­ly­ly­gy, dü­zü­min­de be­lok we mi­ne­ral mad­da­la­ry­nyň köp­lü­gi on­dan bir­nä­çe gör­nüş­li önüm­le­ri taý­ýar­lanylýar. Dü­ýe süý­dün­den çal, süz­me, gurt ýa­ly önüm­ler alyn­ýar. Bi­ziň gün­de­lik dur­mu­şy­myz­da ka­bul edil­me­li süýt we süýt önüm­le­ri­niň için­de dü­ýe süý­dü­ni we onuň önüm­le­ri­ni adamyň gündelik ýaşaýşynda giňden peýdalanylýar. Düýe çaly jana melhem içgi höküminde häzirki wagtda hem uly isleg bildirilip birek-birege hödür edilýän şypaly içgi hasaplanylýar. Se­bä­bi dü­ýe süý­di aş­ga­zan-içe­ge, ýü­rek-da­mar, dem alyş, iý­mit siň­di­riş ul­gam­la­ry­nyň nä­saz­lyk­la­ry­nyň we bir­nä­çe ýo­kanç ke­sel­le­ri­ne, saça, dyrnaklara we dişlere peýdalydyr. Dü­ýe ça­ly taý­ýar­la­ny­lan­da bir­nä­çe fer­ment­le­riň tä­si­ri esa­syn­da ka­ze­in düý­bü­ne çö­küp, al­bu­min we glo­bu­lin suw gör­nü­şin­de süý­düň ýü­zü­ne çyk­ýar. Düýe çalyny taýýarlamak üçin täze sagylyp alnan düýe süýdi zerurdyr. Süýt uly syrçaly pitilere ýa-da küýzelere guýulýar. Onuň üstüne turşulygy 100-150 dereje bolan gönezlik goşulyp, 2-3 minutlap garylýar. Diňe şondan soňra onuň üstüne 1,5-2 esse köp bolan möçberde suw guýlup, agzy mäkäm ýapylýar we basyrylyp goýulýar. Çal taýýar bolanda agaran ýüzüne çykýar. Ine, diňe şondan soňra seresaplylyk bilen, gaby hiç bir tarapa gozgaman, çalyň ýüzündäki agarany alynýar, çal bolsa şol gabyň içinde galdyrylýar. Şeýlelikde, halkymyzyň gadymy we iň bir şypaly önümi bolan düýe çaly taýýar bolýar. Jana şypaly düýe çaly we agarany halkymyzyň milli gymmatlygy, saçagynyň bezegidir. Ol diňe bir teşneligiňi gandyrman, eýsem, ynsan bedeninde suwuň, witaminleriň gerek bolan mukdarda saklanmagyny üpjün edýär. 

Döwran Ýagşygeldiýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň
ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy