logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Saglyk /Dogry iýmitlenmegiň kadalary
  17.09.2023
1709
Dogry iýmitlenmegiň kadalary

Köp adamlar dogry iýmitlenmek düzgünlerini berjaý etmeýärler we netijede saglyk meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Lukmanlar saglygy gowulaşdyrmaga kömek edýän iýmit düzgünleri barada birnäçe  maglumatlar berýärler. Ol maglumatlara esaslanyp dogry iýmitlenmek düzgünlerini bilip bolar. 

 


Olardan:


-    Her nahara gök önümlerden ýa-da miwelerden goşuň.  Iýmitiňiziň ýanynda  gök önümler ýa-da miweler iýiň. Bu gaty ýönekeý we täsirli düzgün. Mysal üçin, günortanlyk üçin gök önümden edilen işdäaçarlary goşuň, soňra guradylan miweler ýa-da hozlar bilen nahar iýiň, agşamlyk nahary üçin beýleki zatlar bilen bir hatarda gök önümler bilen taýýarlanan önümleri iýmeli. 
-    Iýýän iýmitiňiziň 80%-ni  gök önümler, miweler, däneler, ösümlik ýaglary ýaly önümler tutmaly. Galan 20%-ni halaýan önümleriňize goýuň. 
-    Iň azyndan bir esasy nahardan başga-da işdäaçar ýa-da gök önüm iýiň. Has köp süýüm iýmit siňdirişini gowulandyrýar we nahardan soň has doly duýmaga kömek edýär.  Gerek däl iýmitlerden gaça duruň!
-    Sowadyjydan yzygiderli bir zat almak, her iki sagatdan gutapjyklar bilen işde çaý içmek we nahar taýýarlanylanda iýmek - bu zatlary mümkin boldugyça etmezlik has gowudyr. Iýmek isleýän önümleriňizi kesgitläň, meýilnamadan mümkin boldugyça daşlaşmajak boluň, diňe bir ýagdaýda, gaty aç bolsaňyz goşmaça zat iýip bilersiňiz. 
-    Şekerli içgileri azaldyň. Iýmitiňize köp suw we şekersiz içgileri goşuň, bu köp kaloriýany tygşytlar. Suwuklyklarda köplenç kaloriýa az hasaplanýar, ýöne bu dogry däl. Şeýle hem, süýtli kofeni halaýan bolsaňyz, iki önümi aýratyn soraň we gerekli mukdarda ulanyň. 
-    Öz islegiňiz bilen iýmit iýiň. Ertirlik edinmäge özüňizi mejbur etmäň. Aslynda, özüňizi iýmäge mejbur etmeli däl. Birnäçe ýyldan bäri ertirlik edinmeýän  bolsaňyz soňra özüňizi ertirlik edinmäge mejbur etmäň. Diňe irden gök önümler bilen iýmitleniň. 
-    Günde iki litr suw içmäge özüňizi mejbur etmegiň zerurlygy ýok. Günde iki litr suw içmeli diýen pikir hem ýalňyş. Özüňiziň iýen iýmitiňize göra suw talap edijiligi bolýa  diňe şony kanagatlandyrar derejede bolsa ýeterli hasaplanýar.

Taýýarlan: Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.