Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sport diplomatiýasy ajaýyp üstünliklere beslenýär ✦ ✦ Türkmenistanyň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Sanly bilim ulgamy - döwrüň talaby ✦ ✦ Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ✦ ✦ Sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi ✦ ✦ 3d printerler barada ✦ ✦ Türkmen bedewiniň tarypy ✦ ✦ Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda mekdep okuwçylaryň arasynda ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi ✦ ✦ Bilim ulgamy kämilleşdirilýär ✦
Baş sahypa / Tebigat /Demirgazyk Amerika kebelekleriň gelip çykan ýeri diýlip kesgitlendi
  23.05.2023
259
Demirgazyk Amerika kebelekleriň gelip çykan ýeri diýlip kesgitlendi

Alymlar ilkinji kebelekleriň nireden gelendigini anykladylar. Munuň üçin halkara gözlegçiler topary 2000-den gowrak görnüşiň DNK-syny ýygnap, dünýädäki iň uly ewolýusion agajyny döretdi. Agaç kebelekleriň ähli maşgalalaryny we genleriň 92% -ini öz içine aldy. Ylmy eseriň awtorlary seýrek duş gelýän 11 ​​kebelegiň galyndylaryny öwrendiler. Mundan başga-da, kitaplardan, muzeý kolleksiýalaryndan we aýratyn web sahypalaryndan maglumatlary bir ýere jemlediler. Maglumatlaryň seljermesi kebelekleriň ewolýusiýasynyň takmynan 100 million ýyla degişlidigini görkezdi. Olaryň birinjisi Demirgazyk Amerikanyň merkezi we günbatar böleklerinde peýda boldy. Şol döwürde Demirgazyk Amerika deňiz boýunça ikä bölünendi. Ondan Günorta Amerika, ondan Afrika geçipdir. Şeýle hem, giň suw giňişliginiň ortasynda izolirlenen ada bolan Hindistana ýetdiler. Alymlar global howanyň has yssy bolanda we ol ýerden Awstraliýa aralaşandygyny öňe sürýärler. Kebelekleriň Ýewropa göçmegi takmynan 45 million ýyl ozal bolupdyr. Alymlar Ýewropada dünýäniň beýleki böleklerindäki ýaly kebelekleriň kän däldigini we endemiki görnüşleriň ýokdugyny bellediler.

Dinozawrlaryň ýok bolmagy bilen (66 million ýyl ozal) kebelekleriň häzirki zaman maşgalalarynyň hemmesi diýen ýaly peýda boldy. Her maşgala belli bir ösümlik görnüşinde ýöriteleşipdir. Alymlar ilkinji kebelekleriň gök önümleri iýendigi barada netijä geldiler. Emma wagtyň geçmegi bilen tebigy ekologiýasy we ewolýusiýa görä beýleki ösümlikler bilen iýmitlenip başladylar. 

Kebelekler hakynda täsirli maglumatlar:

- Attakus Atlas – iň uly gije kebelegidir. Onuň ululygy 30 sm golaýdyr.

- Iň kiçijik kebelek Asetozei kebelegidir. Onuň watany Kanar adalarydyr. Onuň ululygy bary-ýogy 2 mm deňdir.

- Kebelek tutuş ömrüniň dowamynda 1000-e çenli ýumurtga goýýar.

- Kebelekler eşitmeýärler, ýöne yrgyldyny örän oňat duýýarlar.

- Hytaýda, Hindistanda, Günorta Amerikada kebelekler iýmit hökmünde hem ulanylýar.

- Kebelekler örän gowy tozanlandyryjylardyr. Ýöne bu babatda olar balarylardan soň ikinji ýerde durýar.

- Kebelekelriň 165 müň görnüşi bardyr. Her ýyl olaryň täze görnüşi hem ýüze çykarylýar.

- Lozann uniwerstitetiniň Zoologiýa muzeýinde kebelekleriň 4 müň kolleksiýasy saklanýar.

- Kebelekelriň uçuş tizligi sagatda 60 km çenli ýetip bilýär.

- Stokgolmly lukmanlaryň aýtmagyna görä, kebelekler stressi azaldýan iň gowy serişdedir.

- Arktikanyň kebelekleri gelşiksizdir, olaryň ganatlary reňksiz bolýar.

- Kebelekleriň ýeke-täk duş gelmeýän ýeri Antarktidadyr.

- Kebelekleriň arasynda hem ýyrtyjy görnüşleri bardyr. Mysal üçin, Calyptra eustrigata görnüşi. Ol haýwanlaryň ganyny sorup iýmitlenýär.

- Kebelekler öz agramyndan 2 esse köp iýmit iýýärler.

- Geň ýeri, tropiki kebelekleriň arasynda haýwanlaryň göz ýaşy bilen iýmitlenýän görnüşi hem bardyr.

- Kebelekleriň çylşyrymly gözi bolup, her gözi 6 müňe golaý kiçijik bölejiklerden ybaratdyr.

 

Sewara MUZAFFAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.