Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Bilim - Berkarar geljegiň binýady ✦ ✦ Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteri - täze eýýamyň saglyk we ykdysady ösüş binýady ✦ ✦ Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat: täze usullar bilime ornaşýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Erasmus+ maglumat güni geçirildi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Daýhançylyk bilen bagly adalgalar
  20.12.2024
73
Daýhançylyk bilen bagly adalgalar

Azal — ýer sürmek üçin ulanylýan gadymy gural. Agaç ussalary bu guraly ýogyn agaçdan taraşlap ýasaýar. Onuň ok, künde ýaly uly bölekleri bolýar. Azalyň ýerdemrini demirçi ussalar çoýundan ýa-da demirden bejeripdirler. Ýer sürlende azal, esasan, bir jübüt mala ýa-da düýä, öküze tirkelipdir.

 

Aňňal ― maňňal, esasan, bugdaý, arpa ýaly galla ekinlerini ormak, kähalatlarda ýandak, ot ýatyrmak üçin ulanylýan uly orak, oňa aňňal orak hem diýilýär. Onuň ýüzi dişelmeýär, çalnyp ýiteldilýär. Onuň ýarym aý görnüşli aýlawy beýleki ot oraklaryna garanda has uly bolýar.

 

Buljura — guýynyň agzynyň zaýalanmazlygy ýa-da suw dökülip palçyk bolup durmazlygy üçin ýörite goýulýan tagta.

 

Galtak — iki sapyndan tutulyp, öňe tarap itip ýöredilýän bir tigirli gol arabajygy. Galtak bilen hojalykda ders, çäge ýaly zatlar daşalýar.

 

Gaňrak — gergenek. Owlak-guzy tutmak üçin gaňyrçakly taýak ýa-da ujy toýnuk görnüşli edilip ýasalan enjam.

 

Gilmala — dilmala, malaçow — jaýyň diwarynyň ýüzüne laýdan suwag çekmek üçin ulanylýan ýasy demir enjam. Boýy 25, ini 8 — 10 santimetr, galyňlygy 1 millimetr çemesindäki ýasy demriň ortasyna, kähalatda bir gyrasyna agaç ýa-da demir tutawaç oturtmak arkaly ýasalýar. Gilmala agaçdan hem ýasalýar.

 

Dewil — juwazyň sokusynyň ýag ýygnanan ýeri, düýbi.

 

Desgaw — oturan ýeriňde ekin otamak üçin gysga saply kepje, pilçe.

 

Selim TÖRÄÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.