Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri mälim edildi
  17.03.2024
624
Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri mälim edildi

Eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileriniň sanawy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda paýlaşyldy.

Döwlet bäsleşiginde «Zehin ýoly» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenabat şahamçasynyň, «Kämil bilim» hususy kärhanasynyň, Mary welaýatynda ýerleşýän «Altyn göreç» hojalyk jemgyýetiniň hem-de «Belent bilim» hojalyk jemgyýetiniň diňleýjileri özleriniň zehinleri bilen deň-duşlaryndan has-da tapawutlandylar. Şeýle hem, Mary welaýatynda ýerleşýän «Bilim güzeri» hojalyk jemgyýetiniň, Daşoguz welaýatynda ýerleşýän «Zehinli nesil» hojalyk jemgyýetiniň hem-de «Merdem ýaşlar» hojalyk jemgyýetiniň diňleýjileri hem dil öwrenmekde özleriniň has-da yhlaslydyklaryny görkezdiler. Umuman aýdanyňda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän 16 sany okuw merkezleriniň we olaryň şahamçalarynyň diňleýjileri baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Şeýle hem Döwlet bäsleşiginiň sylaglandyryş dabarasynda aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Bu döwlet bäsleşiginiň ýokary guramaçylykly geçirilmeginde işjeň gatnaşan Guramaçylyk, Eminler we Gözegçi toparlarynyň birnäçe agzalary Bilim ministrliginiň Minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandyryldy. Dabaranyň dowamynda Döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilip olara Bilim ministrliginiň Diplomlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşigini geçirmegiň 2024-nji ýylyň 4-nji we 18-nji fewralynda geçirilen Döwlet bäsleşiginiň degişlilikde I we II tapgyrlarynyň netijesinde jemleýji III tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan Aşgabat şäherinde we welaýatlarda hereket edýän okuw merkezlerinde okaýan zehinli ýaşlaryň 217 sanysynyň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň       10-njy martynda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binasynda Döwlet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry guramaçylykly ýagdaýda geçirildi.

Döwlet bäsleşigi iki ugur boýunça, ýagny iňlis we rus dilleri boýunça dört ýaş derejesinde geçirildi: I ýaş derejesi – 12-13 ýaş, II ýaş derejesi – 14-15 ýaş, III ýaş derejesi – 16-18 ýaş, IV ýaş derejesi – 16 ýaşdan uly bolan raýatlar gatnaşdy. Ähli ýaş derejeleri boýunça ýaşlar degişli daşary ýurt diliniň grammatikasyny, söz baýlygyny, okamak we diňlemek ukybyny barlamak esasynda synag edildi.

Döwlet bäsleşiginiň IV ýaş derejesi üçin ýumuşlar dil bilimini bahalandyrmagyň halkara ykrar edilen usulyýeti boýunça taýýarlanyp hödürlendi. Döwlet bäsleşiginde her ugurdan her ýaş derejesi boýunça 1 sany I orun, 2 sany II orun, 3 sany III orun üçin, jemi 48 sany baýrakly orun üçin bäsleşdiler. Döwlet bäsleşiginiň çekeleşikli geçmegi, birmeňzeş netije görkezen ýaşlara Düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda goşmaça ýumuşlary bermegiň netijesinde ýeňijileriň saýlandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda çykaran 519 belgili karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” çäginde ýurtda alnyp barylan işleriň öz ýokary netijesini berýändigini görkezdi.