Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen etrabynda “Ak kerwen” dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzda Ýaşlar maslahaty dowam edýär ✦ ✦ “Hi-tech Startup Türkmenistan 2024” bäsleşiginiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Tbiliside Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän okuw otagy açyldy ✦ ✦ Mekdep okuwçylary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy kararnama kabul etdi ✦ ✦ “TIF-2024” halkara maýa goýum forumy öz işini tamamlady ✦ ✦ Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik bekediniň işe giriziş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Halk Maslahaty — agzybirligiň, adalatlylygyň nyşany ✦ ✦ Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
  15.07.2024
241
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

2024/2025-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

1. Matematika we mehanika (taýýarlygyň ugry: amaly matematika we informatika (inženerler üçin matematika)).

2. Biologiýa ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: öýjük we molekulýar biologiýa; genetika we bioinžiniring; mikrobiologiýa).

3. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugurlary: himiýa tehnologiýasy; himiki inžiniring).

4. Senagat eko logiýasy we biotehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: biotehnologiýa).

5. Materiallaryň tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: materiallary öwrenmek we täze material-laryň tehnologiýasy).

6. Nanotehnologiýalar we nanomateriallar (taý-ýarlygyň ugry: nanomateriallar).

7. Yeri öwreniş ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak; kar-tografiýa we geoinformatika).

8. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taý-ýarlygyň ugurlary: informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maglumat ulgamlary we tehnolo-giýalary; sanly infrastruktura we kiberhowp-suzlyk; mobil we tor inžiniringi; animasiýa we grafika dizaýny; emeli aň we ekspert ulgam-lary; maglumatlary goramagyň tehniki seriş-deleri; sanly ykdysadyýetiň tehnologiýalary).

9. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugurlary: awto-matlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy).

10. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugry: elektronika we na-noelektronika).

11. Fotonika, abzalgurluşyk, optiki we biotehniki ulgamlar we tehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: bio-lukmançylyk elektronikasy).

12. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: işgärleri dolandyrmak; innowasion ykdysadyýet; tehnologiýa işewürligi; innowa-sion menejment we halkara işewürligi).

13. Fizika-tehniki ylymlar we tehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: häzirki zaman tehnologiýala-rynyň fizikasy).

14. Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (taýýarlygyň ugurlary: filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili); kompýuter lingwistikasy).

Uniwersitetde okuwlar iňlis we ýapon dillerinde geçilýär.

Uniwersitetde okuwlar tö l egli esasda alnyp barylýar.

Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — iňlis we ýapon diileri boýunça dil taýýarlygy, 4 ýyl — baka-lawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.

Uniwersitete umumy orta bi l imden pes bolma-dyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň neti-jeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherle-ri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly araly-gynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der-man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— iş l eýän l er üçin zähmet depderçesiniň tassyk-lanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylary-nyň döw l et bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşik-lere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agza l ary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmi-namanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bu l ardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildir-ýänler ýokarda görkezilen resminama l ar bi l en bir-
likde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşak-daky l ary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarl ar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şa-hadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekil l ikden güwähatyny.

Dalaşgär bäs eşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan peýda l anýandygyny tassyklaýan beýl eki resminama l ary görkezip bi ler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;

Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýy-nyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 5-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 5-i we 6- sy günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7- si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri bo-ýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: himiýa tehnologiýasy; hi-miki inžiniring; materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy; nanomateriallar —himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: öýjük we molekulýar biologiýa; genetika we bioinžiniring; mikro-biologiýa; biotehnologiýa; ekologiýa we tebi-gatdan peýdalanmak — biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

taýýarlygyň ugurlary: häzirki zaman tehnolo-giýalarynyň fizikasy; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehni-kasy; elektronika we nanoelektronika; sanly ykdysadyýetiň tehnologiýalary; maglumatlary goramagyň tehniki serişdeleri — fizika, mate-matika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: amaly matematika we infor-matika (inženerler üçin matematika); informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; sanly infrastruktura we kiber-howpsuzlyk; mobil we tor inžiniringi; animasiýa we grafika dizaýny; emeli aň we ekspert ulgamlary; kartografiýa we geoinformatika; innowasion ykdy-sadyýet; tehnologiýa işewürligi; işgärleri dolandyr-mak; innowasion menejment we halkara işewürligi

— matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: biolukmançylyk elektroni kasy — fizika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili); kompýuter lingwistikasy

— iňlis dili, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkme-nistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bel l eni l en wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedik-ler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýyn-da, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kes-gitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peý-dalanýarlar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Köşi köçesi, 100, tel.: 39-16-67.