Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen etrabynda “Ak kerwen” dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzda Ýaşlar maslahaty dowam edýär ✦ ✦ “Hi-tech Startup Türkmenistan 2024” bäsleşiginiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Tbiliside Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän okuw otagy açyldy ✦ ✦ Mekdep okuwçylary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy kararnama kabul etdi ✦ ✦ “TIF-2024” halkara maýa goýum forumy öz işini tamamlady ✦ ✦ Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik bekediniň işe giriziş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Halk Maslahaty — agzybirligiň, adalatlylygyň nyşany ✦ ✦ Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty
  15.07.2024
290
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy:

1. Gurl uşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: awtomobil ýollarynyň, köprüleriň we tunnel leriň gurluşygy, ula-nylyşy we tehniki taýdan abatlanylyşy; demir ýollaryň gur-luşygy, ýol we ýol hojalygy; inžener ulgam lary we torlary; ýaşaýyş jaý hojalygy we jemagat infrastrukturasy).

2. Binagärlik (hünär: landşaft dizaýny).

3. Elektrik we ýylylyk energetikasy (hünär: elektrik üpjünçiligi).

4. Tehnosfera howpsuzlygy we tebigaty abadanlaşdyryş (hünär: tehnosfera howpsuzlygy).

5. Ýerüsti ulaglaryň tehnikasy we tehnol ogiýa l ary (hünärler: awtomobil ler we awtomobil hojalygy; awtomobil ulagynda gatnaw lary guramak we dolandyrmak; lokomotiwl er; wagon lar; demir ýol ulagynda gatnaw lary guramak we hereketi do lan-dyrmak; portl aryň we ulag menzil l eriniň ýükleýiş-düşüriş en-jam larynyň ulanylyşy; demir ýollaryň elektrik üpjünçiligi).

6. Gämi gurluşygynyň we suw ulaglarynyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: gämi sürmeklik; gämileriň ener-getiki desgalarynyň ulanylyşy; gämi gurluşygy).

II. Bakalawr maksatnamasy:

1. Gurl uşygyň tehnikasy we tehnologiýa lary (taýýarlygyň ugry: gozgalmaýan em läkleriň ekspertizasy we do landyrylyşy).

2. Ýerüsti ulaglaryň tehnikasy we tehnologiýalary (taýýarly-gyň ugry: ýerüsti ulag-tehnologiki serişdeler).

3. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: önümçi l igiň we teh-nologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy).

4. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugur-lary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; sanly inf-rastruktura we kiberhowpsuzlyk).

5. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ulag pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçi-lik hasaba alnyşy we audit; logistika (ulag pudagynda).

6. Aeronawigasiýa we awiasiýa hem-de raketa-kosmiki teh-nikalaryny ulanmak (taýýarlygyň ugurlary: howa hereketiniň dolandyrylyşy; howa ulagynda gatnawlary guramak we
dolandyrmak; uçuş apparatlarynyň we hereketlendirij ile-riň tehniki ulanylyşy; howa gämileriniň awiasiýa we ra-dioelektron enjamlarynyň tehniki ulanylyşy).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.

Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bil imi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş sy-naglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şä-herinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Taýýarlygyň aeronawigasiýa we awiasiýa hem-de raketa-kosmiki tehnikalaryny ulanmak ugruna okuwa girýänler uçujy-dispetçer we inžener-tehnik wezipelerinde işleýänler üçin niýetlenen Gollanmanyň düzgünlerine laýyklykda lukmançylyk barlagyndan geçýärler.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrl igi tarapyndan bellenilen nusgadaky sag lyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassykl anan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkme-nistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassykla-ýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bu lardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ler ýokarda görkezi l en resminamalar bi l en birl ikde, resminama l ary kabul edýän iş toparyna aşakdakyl ary görkezýärl er we nusga l aryny tabşyrýari ar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasy-ny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminama-lary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aş-gabat ş.) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 3-i we 4-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 7-si we 9-y günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 8-i we 9-y günleri;

Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýynyň 10-11-i, 13-i we 15-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 12-si, 14-i we 15-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünär: landşaft dizaýny — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

beýleki hünärler: matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleri-niň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünl ikl i geçen ýagdaýynda, bäs leşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bi-lim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejel enen görnüşinde kesgitl enen düzgün l ere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Büzmeýin etraby, Senagat köçesi, 51, tel.: 39-26-47, 39-26-48, 39-26-57.