Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen etrabynda “Ak kerwen” dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzda Ýaşlar maslahaty dowam edýär ✦ ✦ “Hi-tech Startup Türkmenistan 2024” bäsleşiginiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Tbiliside Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän okuw otagy açyldy ✦ ✦ Mekdep okuwçylary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy kararnama kabul etdi ✦ ✦ “TIF-2024” halkara maýa goýum forumy öz işini tamamlady ✦ ✦ Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik bekediniň işe giriziş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Halk Maslahaty — agzybirligiň, adalatlylygyň nyşany ✦ ✦ Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen hojalyk uniwersiteti
  15.07.2024
212
Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen hojalyk uniwersiteti

2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; tokaý we seýilbag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleş-dirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak); ösümlik ýagyny öndürmek).

2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy).

 

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: ösümlikleri goramak; miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; agrohimiýa we agrotopragy öwreniş).

2. Dokma we ýeňil senagatyň tehnologiýalary (hünärler: mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek).

3. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (hünär: ýer gurluşygy we kadastrlar).

 

III. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugurlary: zootehniýa; senagat balykçylygy; kinologiýa).

 

IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda)).

2. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary: ýyladyşhana hojalygy; agroekologiýa).

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taý-ýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehno-logiýalary (oba hojalygynda)).

4. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda)).

 

Uniwersitete umumy orta bilimden pes bolma-dyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň ne-tijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

 

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şä-herleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der-man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsle-şiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy topa-rynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şa-hadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

 

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

 

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

 

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat ş.) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 4-i we 6-sy günleri;

Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýy-nyň 2-3-i, 5-i we 7-si günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 8-i we 9-y gün l eri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 9-y we 10-y günleri;

Lebap we l aýaty — awgust aýynyň 10-y, 12-si we 14-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 11-i, 13-i we 15-i günleri.

 

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri bo-ýunça geçirilýär:

hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; agrohi-miýa we agrotopragy öwreniş; bagbançylyk,
miweçilik we gök ekerançylyk; ösümlikleri goramak; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; weterinar lukmançylygy; taýýarlygyň ugurlary: ýyladyşhana hojalygy; agroekologiýa; zoo-tehniýa; senagat balykçylygy; kinologiýa — himiýa, bio l ogiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: gidromeliorasiýa; ýer gurluşygy we kadastrlar; oba hojalygyny mehanizmleşdir-mek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak); taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda), maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygyn-da) latematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: miwe-gök önümlerini gaýtadan işle-mek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dä-näni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; ösümlik ýagyny öndürmek; mata önümçiligi; tikin-çilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümle-ri egirmek) — fizika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň yk-dysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türk-menistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatna-malarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstün l ikli geçen ýagda-ýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan:

— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netije-ler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere ýa-da taýýarlygyň ugurlaryna hödürle-nen kärendeçiler we mülkdarlar;

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny-nyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly) köçe, 143, tel.: 34-27-46, 34-07-77, 34-25-64.