Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dalaşgär 2024: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
  15.07.2024
269
Dalaşgär 2024: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär: 

 

I. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugry: bilimi dolandyrmak).

II. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: işewürlik dolandyryş).

 

Okuwlar iňlis dilinde geçilýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Uniwersitete ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş söhbetdeşliginiň ne tijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

 

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş  we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýet nama;

3×4 sm ölçegdäki sekiz  sany foto surat;

işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

magistr maksatnamasy boýunça okuwa girmegiň maksadynyň beýany «Statement of  Purpose» (beýan iňlis dilinde ýazylmaly we 500 sözden köp bolmaly däl). Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tab şyrýarlar: pasportyny;

harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçi lik çekýär. Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek uniwersitet-de (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 19-20-nji awgus tynda geçirilýär. Söhbetdeşlik saýlanan ugur boýunça iňlis dilinde geçiriler.

Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz  sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär. Söhbetdeşligiň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

magistr maksatnamasy boýunça okuwa girmegiň maksadynyň beýanyndan ýokary baha alanlar;

saýlan taýýarlygynyň  ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar.

 Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., 1958 nji (Andalyp) köçe, 169, tel.: 398562, 398525.