logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Society /Dag itburuny
  01.03.2021
848
Dag itburuny

     Adamzat ilkinji dörän günlerinden başlap, tebigatdaky taýýar önümleri almagy başarypdyrlar. Ösümlik dünýäsi ilkinji “Tebigy dermanhana” bolanlygy üçin biziň ata-babalarymyz olardan melhemlik tapypdyrlar. Gyrymsy agaçlaryň, otlaryň tebigy işläp çykarýan dürli peýdaly maddalaryny ulanyp janlaryna melhem tapypdyrlar. Şol melhemlik agaçlaryň biri hem itburun gyrymsy agajydyr. Itburun gyrymsy agajy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bitýän gyrymsy agaç hasaplanyp, dermanlyk ösümlikleriň içinde ynsan saglygy üçin gerekli witaminler  toplanan, dag itburunydyr. Şeýle dermanlyk ösümlikleriň biri bolan dag itburun gyrymsy agajy  Bäherden etrabynyň Nohur obasynda hem ösüp ýetişýändigi dogrusynda bellemek bolar.

     Bäherden etrabynyň Nohur obasynda ösüp ýetişýän dag itburun gyrymsy agajynyň boýy 1.5, 2 metre ýetýän ösümlik. Ýurdumyzda deňiz derejesinden 1200 belentlikde ösýär. Dermanlyk maksatlary üçin itburnyň miwesi ulanylýar. Miwesinde “S”  tohumynda “E”, gülünde “P, B1, B2, K” witaminleri we efir ýagy bar. Mundan başgada magniý, kaliý, natriý, demir we beýleki turşulyklar  bolup, witamin ýetmezçiligi sebäpli emele gelýän keselleriň (awitaminos) garşysyna ulanylýar. Halk lukmançylygynda dürli keseller üçin dermanlyk hökmünde giňden ulanylýar. Itburun öýken sowuklamasynda, täjihoraz, süňk döwüginde, bagyrda we böwrekde emele gelen daşlary çykarmakda, garynasty mäzleriň işleýşini gowulandyrmakda ulanylýar. Itburunyň miwesinden kompot, kisel, püre taýýarlanylýar. Ylmy lukmançylykda itburunyň miwesi ýokanç kesellerinde adaptogen serişde hökmünde peýdalanylýar. Lukmançylyk senagatynda itburunyň miwesinden ekstrakt görnüşde alynýan (holasas) derman serişdesi oňat öt çekaryjy serişdedir. Ösümligiň köküniň gabygyndan taýýarlanan peti guduzlan itler dişlände detoksikasion serişde hökmünde ulanylýar.