Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda ýurdumyz howanyň üýtgemegi bilen baglanşykly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 11-22 noýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde COP-29 Maslahaty geçirilmegine garaşylýar. Bu barada karar geçen ýylyň 11-nji dekabrynda Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) kabul edildi. Maslahatyň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyna serediler we degişli hasabatlar diňleniler. Hormatly Prezidentimiziň möhüm başlangyçlaryna esaslanyp, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy.
COP-29 halkara maslahatyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça ulgamlaýyn esasda taýýarlyk işleri alnyp barylýar hem-de Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça ýurdumyzda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça täze taslamalary işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça bilime we ýaşlara howanyň üýtgemegi babatyndaky meselelerde terbiýe bermek meselelerine hem uly üns berilýär.
Bu nobatdaky halkara maslahatda «COP29» üçin maglumat we gurluşly ýagdaýy habar bermek üçin Merkezi Aziýanyň umumy strategiýasyny işläp taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem oňa gatnaşyjylar milli, sebit we ählumumy howanyň maliýe arhitekturasyna esaslanýan howanyň maliýeleşdirilmeginiň mümkin bolan ugurlaryny kesgitlemek üçin birnäçe möhüm işlere serediler.
Bakyguly ORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.