Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanydyr ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ 6-njy oktýabr — Hatyra güni! ✦ ✦ «Reňklerdäki poeziýam» atly döredijilik sergisi açyldy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Çigildem – baharyň hem bagtyň güli
  06.03.2023
2224
Çigildem – baharyň hem bagtyň güli

Ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde peýda bolup başlaýan çigildem bagtyň nyşanydyr. Çigildem irki döwürlerden bäri ylma bellidir. Ol baradaky ilkinji ýazmaça maglumat XI-XII asyrlara degişlidir. Ýabany çigildemler Ortaýer deňzinde, Kawkazda we Merkezi Aziýada ösýär. XI asyrdan başlap, olar Parsda, soňra bolsa Türkiýede ösdürilip ýetişdirilip başlandy. Ahmed III (1703-1730) döwründe çigildemler ýurtda ösýän gülleriň sany boýunça birinji orny eýeläpdir. Parslar çigildeme «ýerdäki söýginiň şahsyýeti» diýipdirler. Çigildem hakyndaky gadymy ýazgylar şol döwrüň Injil kitabynda hem tapyldy. Çigildem XVI asyryň ikinji ýarymynda Awstriýa imperatorynyň Osman imperiýasyndaky ilçisiniň üsti bilen Ýewropa getirilipdir. Ol taryh, arheologiýa we biologiýa bilen gyzyklanýan we syýahat etmegi gowy görýän bilimli adam bolupdyr. häzirki wagtda çigildemler esasan Gollandiýada has köp ýetişdirilýär, şonuň üçin hem ol «çigildemleriň ýurdy» hasaplanylýar. Häzirki wagtda çigildemiň 4000-den gowrak sorty ösdürilip ýetişdirilýär. Käbirleriniň gülüniň diametri 20 santimetre çenli ýetýär. Gül ýapraklarynyň reňki köpdürlüdir . Çigildemler gül çemenlerinde, gül düşekçelerinde we dürli kompozisiýalarda ajaýyp görünýär. 

Çigildem hakda gyzykly maglumatlar: 

• Ol köp musulman ýurtlarynyň ýaşaýjylary üçin mukaddes güldür.

• Çigildem Omar Haýýamyň (XII asyr) eserleriniň birinde agzalýar. XIV asyryň pars şahyry Şamseddin Hafiz bu gülüň, hatda gözellikdäki güllerdenem ýokarydygyny öňe sürüpdir.

• Irki döwürlerde çigildemler arap ertekilerinde hem beýan edilipdir.

• Häzirki wagtda çigildemiň dürli reňkli sortlary döredildi. Özboluşlylygy bilen haýran galdyrýan gara reňkli çigildem ösdürip ýetişdirmek üçin ilkinji synanyşyklar 1637-nji ýylda Gollandiýada başlandy.

• Ikinji jahan urşy döwründe gollandiýalylaryň köpüsi çigildem bilen iýmitlenip açlykdan gutulypdyrlar.

• Häzirki wagtda köp sebitlerde çigildem dürli işdäaçarlara, süýjüliklere goşulýar, onuň özboluşly datly tagamy müşderileri özüne çekýär. 


Çigildem ajaýyp sowgatlykdyr! 

Owadan hem näzik çigildemler baharyň we täzeden döremegiň nyşanydyr, ol bagtyň gülüdir. Islendik baýramçylyk bolsun ýa-da toý güni bolsun, tapawudy ýok, çigildem ajaýyp sowgatlykdyr. Güýç-kuwwaty aňladýan mämişi çigildem gülleri adatça kärdeşlere berilýär. Iň gowy arzuwy aňladýan gülgüne reňki bolsa dostlaryňyza we garyndaşlaryňyza laýyk gelýär. Umuman, islendik reňkli çigildem güli ýakynlaryňyz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadydyr! 

 

Gülşirin HOJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.