logo

Latest news:
✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦
Home / Economics /Çekseň zähmet-ýagar rehnet
  15.04.2021
854
Çekseň zähmet-ýagar rehnet

      Ýurdumyzda maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakda mallaryň baş sanyny köpeltmek bilen, olaryň tohum hilini ýokarlandyrmagyň uly ähmiýeti berilýär. Munuň şeýledigine Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän “Süýtli ýaýla” hojalyk jemgyýeti boýunça alnyp barylýan işler hem şaýatlyk edýär. Hojalyk jemgyýetinde  giň gerimde alnyp barylýan işleriň dowamynda süýtli-Germaniýa hem-de Russiýa döwletlerinden getirilen iri şahly mallaryň 1000-den gowragy bar. Ýeri gelende aýtsak, hojalyk jemgyýetinde iri şahly mallaryň 200-den gowragy ene mallardyr. Şeýle-de hojalyk jemgyýetine degişli bolan 600 gektar ýer bölegi berilip, bu ýerlerde ýorunja, arpa, mekgejöwen, bugdaý we beýleki ot-iým ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şol agzalan önümler ýörite bölümlerde gaýtadan işlenilip, mallara berilýär, munuň özi bolsa göleleriň sagdynlygyna, sygyrlaryň süýtliligine hem-de iri şahly mallaryň orta we ýokary derejede semizlikde bolmagyna getirýär.

Bu ýerde mallaryň sagdyn ösdürilmegi üçin weterinar lukmanlar tarapyndan ýokanç kesellerinden goramak maksady bilen möwsümleýin çäreleri öz wagtynda geçirýärler. Bu bolsa mallaryň sagdyn ösmegine we önümçiligiň ýokarlamagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Häzirki wagta “Süýtli ýaýla” hojalyk jemgyýetiniň işgärleri tarapyndan maldarçylyk pudagynyň ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Bu bolsa ilatyň et we süýt önümlerine bolan islegini doly kanagatlandyrmaga hem-de ýurda özümizde öndürilýän, ýokary hili azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge giň mümkinçilikler berýär.