logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Bütin dünýäde ilkinji welisoped sürmegiň başlanan senesi
  01.06.2022
1570
Bütin dünýäde ilkinji welisoped sürmegiň başlanan senesi

   Bütin dünýäde welisoped sürmegiň başlanan senesi 1868-nji ýylyň 31-nji maýy hasaplanylýar. Ilkinji 2000 metrlik welosiped ýaryşy  Parižiň Kerematly bulut seýilgähinde gurnalan ýaryş bolup onda Jeýms Mur atly iňlis ýeňiji boldy. Şol wagtlar welosipedlerde dürli ululykdaky tigirler bardy, şeýlede bolsa gatnaşyjylar ýaryşy şeýle bir gowy gördüler. Şonuň üçin hem soňky ýyl 120 kilometrlik ilkinji halkara welosiped ýaryşy geçirildi, bu ýaryşda hem Jems Mur ýeňiş bilen tamamlady. Bu ýaryşa hatda iki sany zenan hem gatnaşdy. 1875-nji ýylda welosiped üçin dünýäde iň ýokary tizlik- sagatda 34 km. Russiýada ilkinji welosiped ýaryşy 1883-nji ýylyň 24-nji iýunynda Moskwada geçirildi. Şondan 100 ýyl soňra türgenler hünärmenlere we höwesjeňlere bölündi, birnäçe dünýä rekordy goýuldy, welosipedler her dürli enjamlar bilen enjamlaşdyryldy we dürli hileleri ýerine ýetirmek ukybyna eýe boldy. Emma bu tigir sürmek we bu sporta bolan gyzyklanma asla azalmady.
   Häzirki wagtda 1903-nji ýyldan bäri geçirilýän “Tour de Franse” islendik sportçynyň girmek isleýän iň abraýly welosiped ýaryşy hasaplanýar. Tigir sürmek dinamikasy we elýeterliligi bilen özüne çekýär. Ekologiýa taýdan arassa, sagdyn we gyzykly sport görnüşleriniň biridir. Munda başga-da, Bütin dünýä welosiped güni her ýyl 3-nji iýunda bellenilýär. Biziň ýurdumyzda hem bu baýramçylyk giňden bellenip geçilýär, welosipedli ýörişler gurnalýar. 

AÝJEMAL ORAZOWA 
TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTYNYŇ TALYBY