Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦ ✦ Ýaponiýa-Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sammitiň geçirilmegi meýilleşdirilýär ✦ ✦ Baky Bitaraplygyň 30 ýyllyk şanly toýy ✦ ✦ Hazar deňziniň suw biologik serişdeleri üns merkezinde ✦ ✦ Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalar kabul edilýär ✦ ✦ Wengriýanyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalar kabul edilýär ✦
Baş sahypa / Tebigat /Böwürslen - peýdaly witaminlere baý miwe
  17.01.2023
1844
Böwürslen - peýdaly witaminlere baý miwe

Türkmen tebigaty adam saglygy üçin peýdaly ösümliklere örän baý. Şolaryň hatarynda böwürslen ösümligi adam bedeni üçin peýdaly witaminlere baýdyr. Böwürsleniň ýapragy, köki, miwesi dermanlyk häsiýete eýedir. Ol derman senagatynda giňden ulanylýan ösümlikleriň biridir.

Böwürsleniň dünýäde 250 görnüşi duş gelýär. Türkmenistanda tebigy şertlerde böwürsleniň birnäçe görnüşi bar, olar, esasan hem gülgüne we Garrygala böwürslenleridir. Olar Köpetdagda we Balkan daglarynda tebigy şertlerde ösýärler. Miwesi gaýtadan işlenilip, şire, mürepbe taýýarlanylýar. Bu miweli ösümlik ýurdumyzda ýabany görnüşlerde giň ýaýrap, onuň uly ak gülleri bolýar. Maý-sentýabr aýlary gülleýär. Ol ekilenden soň ikinji ýyl miwe getirip başlaýar, giç gülleýändigi üçin ýokary hasyl berýär. Böwürsleniň miwesi iýul-oktýabr aýlary bişýär, turşumtyk süýji, ýakymly tagamly miweleri terligine iýmek üçin ulanylýar we gaýtadan işlenilýär. Düzüminde P witamini bar.

Böwürslen nahalynyň hatararalaryny 2 metr we hatardaky düýpleriň aralaryny 0,75-1 metr edip oturtmak maslahat berilýär. Onuň oturdyljak çukurlary 40x40 santimetr gazylyp, noýabr aýynyň aýaklarynda ýa-da dekabr aýynyň başlarynda oturdylýar. Ony ir baharda heniz pyntyklary ýarylmanka hem oturdýarlar. Oturdylandan soň ýeriň ýüzüne çykyp duran şahalarynyň ujundan 10-15 santimetr kesişdirmeli. Böwürsleniň iň gowy sortlary «Tehas», «Arawamdyr». 

— Böwürsleniň iýmişinde 10 göterime çenli şeker (glýukoza, fruktoza), organiki turşulyklar, B, C, E toparynyň witaminleri, kaliniň we misiň duzlary saklanýar.

— Böwürsleniň miwesi teşneligi gandyryp, aşgazan-içege ulgamynyň işine oňaýly täsir edýär.

— Ol gyzgyny peseltmekde, dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda, ýiti respirator kesellerine garşy göreşmekde ulanylýandygy üçin gyşyň aýazly günlerinde taýsyz melhemdir.

— Böwürslen bokurdak agyryny aýryjy, keýpiňi göteriji, peşew hem der çykaryjy, içegede dörän ýaralary, aýaga we ele suw ýygnanmany, ýoňlamany, nerw sökelliklerini dep ediji serişde hökmünde peýdalanylýar.

— Böwürsleniň miwesi ganyň düzüminiň gowulanmagyna ýardam edýär.

— Ösümligiň öte bişen miwesiniň ýeňil iç sürüji häsiýeti bardyr, onuň bişmedik miwesi tersine, iç gatadyjy häsiýete eýedir. Mundan başga-da, ösümlik içegeleriň işjeňligini gowulandyrýar, ol sözenekde hem böwrek kesellerine hem peýdalydyr. 

 

Aýnur ALLAÝAROWA,

Aşgabat şäherindäki 
Agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.