Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň şahadatnamalary gowşuryldy ✦ ✦ TIF 2025 maýa goýum forumy geçiriler ✦ ✦ Watan harmanyna 1 million 400 müň tonna bugdaý hasyly tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy ✦ ✦ Magtymguly – dünýäniň akyldary ✦ ✦ Türkmen mekdep okuwçylary matematika olimpiadasynda 6 medal gazandylar ✦ ✦ Ak şäherim Aşgabat – Ginnesiň rekordlar kitabynda ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti YHG-niň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alymlary täze tehnologiýalary işläp düzýärler ✦ ✦ Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilimden serpaýly bagtly nesiller
  24.03.2023
689
Bilimden serpaýly bagtly nesiller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, milli bilimiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu möhüm mesele döwletimiziň dürli hünärlere bolan zerurlyklary hasaba alnyp, oýlanyşykly çözülýär. Bu wezipeleri amala aşyrmakda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň we ugurlaryň sany hem ýyl-ýyldan artdyrylýar. Ýokary okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmeklige hem uly orun berilýär. Milli bilimiň hiliniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen nobatdaky wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini bilim görkezijileri boýunça dünýäniň abraýly okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça degişli işler durýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ýokary okuw mekdeplerini bir bitewi bilim toruna birikdirmek işleri amala aşyrylýar. Bilim ulgamyna dünýä standartlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barha giňeýär. Türkmenistanda BMG-niň beýleki ugurdaş düzümleri bilen hem bilelikdäki işler alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde guralýan köp sanly çäreler, ylmy konferensiýalar munuň aýdyň mysalydyr. Döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri daşary ýurtly wekiller bilen işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik alyp, öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda okuw maksatnamalaryny, meýilnamalaryny, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Döwletimizde alnyp barylýan bilim syýasaty, şeýle-de ruhubelent, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär. Milli we iri halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýän ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar, türkmen ýaşlary sportda we döredijilikde ýokary sepgitlere ýetýärler. Bu günki gün döwrüň möhüm talabyndan ugur alnyp, ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullary kämilleşdirilýär, olaryň sanawy hem yzygider giňeldilýär. Bularyň ählisi bilimiň hemmelere elýeterliligini üpjün etmek, ýurdumyzyň ýaşlarynyň öz ukyp-başarnygyny, zehinini doly derejede açyp görkezmegi üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmeginiň bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Biz, bagtyýar döwrüň bagtly ýaşlary hem, bilim ulgamynda şeýle asylly başlangyçlary, döwletli tutumlary durmuşa geçirýän Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, batly gadamlarynyň rowana ýollarda diňe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris! 

 

Bahar HAÝTANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.