Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦ ✦ Ýaponiýa-Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sammitiň geçirilmegi meýilleşdirilýär ✦ ✦ Baky Bitaraplygyň 30 ýyllyk şanly toýy ✦ ✦ Hazar deňziniň suw biologik serişdeleri üns merkezinde ✦ ✦ Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalar kabul edilýär ✦ ✦ Wengriýanyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalar kabul edilýär ✦ ✦ Bitaraplyk parahatçylyga we ynanyşmaga çagyrýan ýoldur ✦
Baş sahypa / Tebigat /Bezeg gülleriniň ösdürilip ýetişdirilişi
  25.11.2022
1244
Bezeg gülleriniň ösdürilip ýetişdirilişi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz diýarymyzyň ähli künjegi bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenýär. Daşky dünýämiziň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan gülleriň dürli görnüşleri tebigatyň gözelligi hem gelşigi bolup, birek-birege mähir, söýgi we şatlyk paýlaýar. Şeýle gülleriň birleri hakda durup geçeliň:  

Mahmallargörnüşleriniň we gül reňkleriniň örän köpdürliligi üçin bezeg-bagçylykda giňden ulanylýar. Mahmallaryň fitonsidleri bölüp çykarmak häsiýetleri bardyr, olar bägüller bilen bilelikde ösdürilende bu güllerde gibrid keselleri ýüze çykmaýar. Mahmallar yssa, gurakçylyga durnuklydyrlar, ýarym kölegede-de gowy ösýärler we gülleýärler. Bu güller bol gülleýän sary, mämişi we gyzyl gülli gür topbaklary emele getirýärler. Beýikligi boýunça uzyn boýlulary 75 sm-e çenli, orta boýlulary 40 sm-e çenli, pes boýlulary bolsa 20 sm-e çenli bolýar. Maý aýyndan güýz aýazlaryna çenli gülläp durýarlar. Mahmallary şitil we şitilsiz usullar bilen köpeldýärler. Tohumlary 12-14 günden gögerýär. Mahmallar topraga talapkär bolmasa-da, gurply, gowy dökünlenen topraklarda olar has gowy ösýärler we bol gülleýärler. 

Dyrnaklyja – medeni ösümlik bolup, ony bezeg görnüşinde ösdürip ýetişdirýärler. Dyrnaklyjany gurak, yssy günlerde suwaryp, ony her dört hepdeden mineral dökünler bilen iýmitlendirip durmaly. Bol güllemegi üçin degişli çyzgydy boýunça oturtmaly. Gülläp guran güllerini wagtal-wagtal çöplemeli, bu bolsa ösümligiň uzak wagtlap ýaşamagyna kömek edýär. Dyrnaklyjada kömelek keseli ýüze çykyp bilýär. Eger-de, onda kömelek keseli ýüze çyksa, onuň ýapraklarynda gara tegmiller peýda bolýar. Şular ýaly ýagdaý ýüze çyksa, düýbünden ýok etmek maslahat berilýär. Kesilen gülleri suwda uzak wagtlap saklanýar. Ýeňil ýeterlik medenileşdirilen topraklarda, güneşli ýa-da az kölegeli ýerlerde gowy ösýärler we gülleýärler. 

Ipomeýa – tohumy bilen köpeldilýän, çyrmaşyp ösýän, boýy 2-3 m-e çenli bolan, agşamyna ýa-da örän kölegeli şertlerde gündizine gül açýan ösümlikdir. Ol ýylylyga, ýagtylyga aram talapkär, gowşak şorlaşan topraklarda hem ösmäge ukyply, tohumyny topragyň ýylylygy 12-180C bolanda ekmek bolýar. Çyglylyga bolan talaby ýokary. Maý-oktýabr aýlarynda gülleýär. 

Koriopsis – tohumy bilen köpeldilýän, boýy 25-45 sm bolan dürli reňklerde owadan gülleýän ösümlikdir. Ol ýylylyga, ýagtylyga örän talapkär, tohumyny topragyň ýylylygy 180C bolanda ekmek bolýar. Çyglylyga bolan talaby aram we aram ýokary bolup, iýun-oktýabr aýlarynda gülleýär. 

Kosmeýa – tohumy bilen köpeldilýän, boýy 75-95 sm ýa-da 1,5 m bolan dürli reňklerde gül açýan ösümlikdir. Ol ýylylygy, ýagtylygy pes talap edýär, tohumyny topragyň ýylylygy 10-120C bolanda ekip bolýar. Çyglylyga bolan talaby aram ýagdaýda bolup, iýul-oktýabr aýlarynda gülleýär. 

 

Mahym KÖSSEKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.