logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Batyr Myradowdan «Kerwen ýoly» atly täze kitap
  03.09.2025
324
Batyr Myradowdan «Kerwen ýoly» atly täze kitap

Täze neşir edilen “Kerwen ýoly” atly kitap halkara okyjylar üçin döredilen möhüm edebi eserlere goşuldy. Bu kitapda dürli ýyllarda bolan wakalar, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklary, şeýle hem milli ruhy miras edebi usullar arkaly ylhamly beýan edilýär. Awtoryň çuň manyly eserleriniň arasynda jemgyýetçilik we ruhy gymmatlyklary öňe sürýän dürli hekaýalar hem bar. “Kerwen ýoly” diňe bir edebiýat ustalaryna däl, eýsem Türkmenistanyň taryhy, tebigaty we medeni mirasy bilen gyzyklanýan ähli okyjylara niýetlenen gymmatly eserdir.
Batyr Myradow 1965-nji ýylyň 6-njy iýunynda Aşgabat şäherinde dünýä indi. 1987-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetini tamamlap, birnäçe ugur boýunça – ylmy, terjimeçilik, pedagogiki, žurnalistik we döredijilik ulgamynda baý tejribe toplady. Häzirki wagtda hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda işjeň çykyş edýän dörediji şahslaryň biri hökmünde tanalýar. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň agzasydyr. Awtoryň döredijilik mirasy dürli ugurlary öz içine alýar. Ol “Ynanýarlar we garaşýarlar”, “Ene gahrymanlygyny wasp edip”, “Bir hatyň taryhy”, “Bozkölde bolan waka”, “Garlawaç”, “Ýolbarsyň söweş çagyryşy”, “Daglaryň eýesi” ýaly nusgalyk eserleriň awtory hökmünde okyjylara giňden tanalýar.
Batyr Myradowyň edebi hem-de jemgyýetçilik hyzmatlary döwlet tarapyndan ýokary bahalandy. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20, 25 we 30 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý medallary, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna degişli medal, şeýle hem “Magtymguly Pyragy”, “Gaýat” we “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” diýen medallar bilen sylaglandy. Mundan başga-da, ol Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň “Ynsanperwerligiň sarpasy” nyşanyna mynasyp boldy.
Kitabyň neşir edilmegine we taýýarlanmagyna Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti hem-de Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasy tarapyndan goldaw berildi.


Oraz PENJIÝEW.