Mälim bolşy ýaly, maliýe-ykdysady ulgamyň bu möhüm desgalaryna hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda gol çeken Karary esasynda badalga berildi hem-de «Bouygues Batiment International» meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan desgalaryň gurluşygy ýerine ýetirildi. Bu gün bolsa paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň ugrunda kemala gelýän täze işewürlik merkezinde gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň arhitektura keşbi bilen ut- gaşyp, ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.
Islendik döwletiň ykdysadyýetinde bank ulgamy esasy orun eýeleýär. Banklar döwletiň, ykdysadyýetiň düzüm birlikleriniň hem-de ilatyň maliýe serişdeleriniň hereketini üpjün edýärler. Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda alnyp barlan sazlaşykly döwlet syýasaty netijesinde milli bank ulgamy kemala getirildi. Ýurdumyzyň milli bank ulgamy manadyň durnuklylygyny saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, müşderilere hödürlenilýän hyzmatlar ulgamyna dünýä tejribesini, öňdebaryjy usullary we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, pul seriş- deleriniň gyradeň dolanyşygyny üpjün etmek, ilatyň pul serişdelerini maýa goýum hökmünde önümçilikde peýdalanmak üçin maliýe dolanyşygyna girizmek, ykdysadyýeti, ilkinji nobatda bolsa, onuň ileri tutulýan pudaklaryny karzlaşdyrmagyň möçberini artdyrmak, döwlet we pudaklaýyn maksatnamalara laýyklykda, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Munuň netijesinde Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüş görkezijileri gazanylýar. «Türkmenistanyň bank ulgamyny 2011-2030-njy ýyllarda ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegi amala aşyrylýan giň gerimli özgert-meleriň şertlerinde banklaryň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmäge uly goşant goşýar. Bu işlerde esasy orun bank karzyna degişlidir. Berkarar döwletimizde obasenagat toplumyny, ulag we aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, hyzmatlar, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalary, şeýle hem telekeçilik işleriniň dürli, hususan-da, innowasion görnüşleri ýeňillikli karzlaşdyrmaga degişli bolup durýar. Mundan başga-da, durmuşa gönükdirilen bazar gatnaşyklary ösdürýän ykdysadyýetimizde raýatlarymyz üçin oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we satyn almak üçin ýeňillikli şertlerde karzlar berilýär.
Bank hyzmatlarynyň ýene-de bir görnüşi hökmünde goýumlar çykyş edýär. «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky dürli şertleri bolan goýumlaryň 10-a golaý görnüşlerini halkymyza hödürleýär.
«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň banklarynda sanly bank hyzmatlary ornaşdyrylýar we olaryň gerimi giňeldilýär. Mysal üçin, bank hyzmatlarynyň doly toplumyny öz içine alýan internet-bank ulgamynyň girizilmegi müşderilere öz serişdelerini uzak aralykdan dolandyrmaga, dürli töleg amallaryny we beýlekileri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, özüňiziň bank hasaplaryňyzdan maglumatlary elektron görnüşinde almak, elektron tabşyrygyny taýýarlap, internet arkaly töleg geçirimlerini amala aşyrmak mümkinçiligi bardyr. Şonuň ýaly-da, onlaýn görnüşinde täze bank kartlaryny açmak, bu amal üçin zerur resminamalary elektron görnüşinde ugratmak, hyzmatlar üçin tölegi «Altyn asyr» bank karty arkaly amala aşyrmak mümkindir. Şeýlelikde. sanly ulgamlaryň ösdü- rilmegi hyzmatlaryň täze döwrebap görnüşleriniň “Intemet-banking”, “Mobil-banking”. «Galtaşyksyz töleg». «Goýum bank karty», «Maşgala», «Ýol karty» hyzmatlarynyň peýda bolmagyna ýardam etdi.
Dünýä tejribesini öwrenip, banklar öz müşderilerine «Cash back» höweslendiriji hyzmatyny hem hödürleýärler. Onuň aýratynlygy degişli terminallaryň oturdylan ýerlerinde-iri söwda merkezlerinde we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda «Altyn asyr» ýa-da «Goýum» karz kartlary bilen töleg geçirilende tölegleriň möçberine laýyklykda her aýyň ahyrynda bank tarapyndan müşderiniň kartyna hasaplaşygyň bellibir göterimi gaýtarylýar. Internet söwdasy hem banklaryň täze hyzmatlarynyň biridir. «Elektron söwda» hyzmaty Internet arkaly harytlary we hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berýär. «Elektron söwda» hyzmatlaryna bolan isleg barha artýar, munuň özi nagt däl görnüşde elektron söwdany amala aşyrýan bankyň müşderileriniň sanynyň köpelýändigini tassyklaýar. Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, tutumly işleri rowaç alsyn!