logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Balyk etiniň düzümi we onuň saglyga peýdasy
  26.03.2021
2095
Balyk etiniň düzümi we onuň saglyga peýdasy

         Lukmanlar mydama sagdyn bolmak üçin ilkinji nobatda sagdyn iýmitlenmegi maslahat berýärler. Sagdyn iýmitlenmek diýmek adam bedenine gündelik gerek bolan witaminleri  we ýokumly maddalary özünde ýeterlik saklaýan iýmitleri iýmekdir. Şeýle ýokumly maddalary köp saklaýan iýmitleriň biri hem balyk etidir. Ýurdumyzda häzirki döwürde ter, gaplanan,kakadylan, duzlanan görnüşindäki balyk etiniň dürli görnüşleri öndürilýär. Balyk etine bolan isleg ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Bu önüme ýokary derejede isleg bildirilmeginiň sebäbiniň onuň energetiki gymmatlylygynyň ýokarydygy, düzüminde saklanýan belogyň bedende tiz özleşýändigi ýokumly maddalary özünde ýeterlik saklanýandygy hem-de örän tagamlydygy bilen düşündirmek bolýar.

         Balyk etiniň düzüminde 16-21,5 göterim belok saklanýar. Onuň etiniň siňňitlilik derejesi gara mallaryň eti bilen deňeşdirilende 2-3 esse ýokarydyr. Şeýle-de balyk eti witaminlere baýdyr. Limon bilen deňeşdirilen balyk etiniň düzüminde A witamini 2 esse, B1, B2, B3, B5, B6, PP witaminleri 15 esse ýokarydyr. Şunuň bilen bir hatarda gymmatly witaminleriň biri bolan С witamini balyk etiniň 100 gramynda orta hasap bilen 3 müň milligrama, A,E,D witaminleri bolsa 12-25 milligrama çenli saklanýar. Aslynda gök önümler  we miweler witaminlere örän baý hasaplanylýar. Balyk eti bilen kadaly iýmitlenýän adamyň bedeniniň aminokislotalara bolan talaby doly kanagatlandyrylýar. Adam öz bedeniniň fenianaline we treonine bolan talabyny günde 50 gram balyk etini iýmek bilen kanagatlandyryp bilýär. Balyk etiniň düzüminde saklanýan ýag adam bedeni üçin örän ähmiýetli hasaplanylýar. Esasan hem balyk ýagy energiýanyň we ýagda ereýän A,D,E,K witaminleriniň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Balyk etiniň düzüminde doýmadyk ýag kislotalary köp saklanýar. Şol sebäpli hem balygyň eti adam bedeninde tiz özleşýär.

          Ähli ýokumly maddalar bilen bir hatarda balyk etinde makro we mikro elementleri hem köpdür. Olardan magniý, ýod, brom, demir, fosfor, kalsiý ýaly elementler bellemek bolar.