Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Bagy bossan Diýarym
  23.09.2024
169
Bagy bossan Diýarym

Milli Liderimiziň başlangyçlaryny mynasyp alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz bag we bagçylyk ýaşyl zolak döretmek hem-de şäherleriň şäherçeleriň obadyr köçeleriň ugrunda saýaly we pürli baglaryň dürli görnüşlerini  ösdürip ýetişdirmekleri we öňden bar bolan baglary we ýaşyl maýsalary ýokary derejede ideg etmek işleri üçin ähli şertler döredilip berilýär.

 

Berkarar döwletimiziň täze  eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň "Pähim -paýhas ummany Magtymguly Pyragy ” ýylynda hem oba hojalygynda we bagbançylyk işleri bilen meşgullanmak üçin döwletimiz tarapyndan yaş bagbanlar üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ösdürilip ýetişdirlýän miweli we pürli agaçlaryň seleksiýa işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Köçelerimizi bezeýän Arça agajy barada aýdylanda, arça boýy 50 smden 20 me çenli bolan berk agaçdyr. Ol serwi agajy bilen bir maşgala degişli hasaplanýar.Onuň agaç sütüni köp şahaly bolýar. Pürleri (ýaprak lary) teňňe şekilli bolup, uzyndan inçe we ujy ýitiden gataňsydyr.  Tut, garagaç, derek, kerkaw, maklýura we beýleki agaçlardan tapawutly arça agajy elmydama gök öwsüp oturýar.  Arça örän gelşikli agaç bolany üçin, ony bezeg ösümligi hökmünde bagçylykda köp ulanýarlar. Arçanyň medenileşdirilen wirginiýa arçasy beýik, tikenli, adaty arça diýlen görnüşlerini şäherlerde, şäherçelerde, ýollaryň gyralarynda, seýilgählerde köp ekýärler. Häzirki wagtda türkmen arçasynyň ekiliş gerimi barha giňelýär. Mundan başgada arça gurluşyk enjamy hökmünde hem peýdalanylýar. Miwesinde efir ýagy, sirke, alma, garyn ja kislotalary bar. Miwesinden we gök pudajygyndan alynýan ýakymly ysly efir ýagy lukmançylykda inçe keseli, böwrek keselini bejermekde we ýara çalynýan melhem taýýarlamakda peýdalanylýar. Özünden bölüp çykarýan uçujy (fitonsid) maddalary bilen howamyzy ýanly mikroorganizmlerden arassalaýar.  Ol uzak ýaşaýan agaçdyr. Müň ýyl we ondan hem köpräk ýaşan arça agajyna duş gelmek bolýar.  Ol örän haýal ösýär we kynlyk bilen köpelýär. Şol sebäpli arçany aýawly saklamak möhümdir. Bu gymmatly agaç Türkmenistanyň tokaý hojalyklarynda 1977-nji ýyldan bäri ekilýär we köpeldilýär. Arçanyň ähli tut ýan meýdanynyň (arealynyň) bir bölegi Köpetdag we SüntHasardag goraghanalarynda ýerleşýär. Ol ýerde arça goralyp saklanylýar we köpeldilýär.

 

Saparmyrat BABAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji yyl talyby.