Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk — üstünliklerimiziň özeni ✦ ✦ Ýaşlara berilýän terbiýäniň şu ýylky özeni Änew medeniýeti we Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boldy ✦ ✦ Babamyrat Hamdamow 84 ýaşynda aradan çykdy ✦ ✦ Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň Ilçisiniň 12-nji taekwondo kubogy geçirildi ✦ ✦ Tejen şäherinde oglanlaryň arasynda sportuň kiçi “Futbol” görnüşi boýunça açyk çempionaty geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli bilim ulgamynda çagalaryň irki ösüşine uly üns berilýär ✦ ✦ Tejen etrabynda wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi ✦ ✦ “Milli mirasymyz  genji hazynamyz” ady bilen wagyz-nesihat  ýygnagy geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda halkara 'Kids Ekspo: Ähli zat çagalar üçin' sergi-ýarmarkasy geçirildi ✦ ✦ Awazada Hazar deňzi güni durnukly ösüşe bagyşlanyp bellendi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Astana sammiti: köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribeler
  10.07.2024
199
Astana sammiti: köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribeler

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giň düzümdäki sammiti geçirildi. Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de «ŞHG+» formatynda guralýan ýokary derejeli duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Munuň özi guramanyň çäginde Bitarap Türkmenistana bildirilýän uly hormatdan nyşandyr.

 

Taryhyny 1996-njy ýylda esaslandyrylan «Şanhaý bäşliginden» alyp gaýdyp, 2001-nji ýylda geriminiň giňeldilmegi bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna öwrülen bu düzüme agza ýurtlar (Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan) häzirki wagtda Ýewraziýa yklymynyň 65 göterimini eýeläp, Ýer ýüzüniň ilatynyň tas ýarysy şu ägirt uly giňişlikde ýaşaýar. Gurama girýän döwletleriň jemi içerki önüminiň umumy möçberi 23 trillion amerikan dollaryna deň bolup, munuň özi dünýä jemi içerki önüminiň dörtden bir bölegi diýmekdir. ŞHG ýurtlarynyň ýakyn goňşularymyz we dostlarymyz, öňden gelýän hyzmatdaşlarymyzdygyny nazara alsak, Türkmenistanyň guramanyň çäginde ykdysady, maýa goýum, ulag, energetika ugurly gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirmeginiň düýp sebäbi öz-özünden düşnükli bolýar. Munuň özi biziň döwletlerimiziň kuwwatly serişde we önümçilik binýady bilen bagly bolup, ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribeler bu babatda ösüşiň täze gözýetimlerini açýar.

 

2023-2024-nji ýyllarda Gazagystan Respublikasy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etdi. «Köptaraplaýyn dialogy berkitmek: durnukly parahatçylyga we ösüşe tarap ymtylmalar» mowzugynda geçirilen sammit bolsa ýurtda geçen döwürde ŞHG-niň ugry boýunça guralan dürli mazmunly çäreleriň jemini jemledi. Oňa 16 ýurtdan döwlet we hökümet Baştutanlary gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we käbir beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary-da bar. Sammitde guramanyň bir ýylda alyp baran işlerine syn berlip, syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurly özara gatnaşyklaryň, toparlaýyn howpsuzlygy üpjün etmegiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilermenler halkara gatnaşyklaryň häzirki çylşyrymly şertlerinde dünýäniň syýasy gurluşyna täsirini ýetirýän ýurtlaryň Liderleriniň bir meýdançanyň başynda jemlenmegini ählumumy derejede-de möhüm ähmiýetli waka hasaplaýarlar. 

 

Jemläp aýdanyňda, Milli Liderimiziň ŞHG-niň nobatdaky sammitine gatnaşyp, oňyn we netijeli garaýyşlary beýan etmegi, gazak paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy iň täze taryhymyzyň şöhratly wakalarynyň hataryndan orun aldy.

 

Adalat ŞAMURZAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.