Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Tebigat /ARASSA HOWA – SAGDYN JEMGYÝET
  26.11.2022
742
ARASSA HOWA – SAGDYN JEMGYÝET

Adamyň gündelik durmuşy we ýaşaýşy howa ýagdaýlary bilen berk baglanyşyklydyr. Howanyň üýtgemegi adamyň ýaşaýşyna uly täsir edýär. Şonuň üçin hem howa ýagdaýyny öňünden bilmeklik zerur bolup durýar. Aşa yssy howa bedene ýaramaz täsirini ýetirýär. Iýmit özleşdirilende bedende energiýa bölünip çykýar. Şol energiýanyň bir bölegini beden synalaryň işlemegi üçin sarp edýär. Howa aşa yssy bolanda energiýanyň bedenden çykarylmagy belli bir derejede haýallaýar we bedeniň goranyş ukyby gowşaýar. Netijede bedene ýokanç keseller aňsat aralaşýar we immuniteti hem peselýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň hem howasynyň gyzgynlygy näçe ýokary bolsa, şonça-da çyglylyk peselýär. Ondan başga-da ýaşalýan otagyň gyzgyn bolmaklygy, adamda kellagyrynyň we gaharjaňlyk duýgusynyň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär. Madda çalşygy dyngysyz geçip durýandygy üçin adam gije-gündiz dem alýar. Dem alnanda howa dem alyş ýollary arkaly öýkene barýar. Islendik ýagdaýda beden öýkenden howa talap edýär. Şonuň üçin öýken howanyň arassalygyna ýa-da hapalygyna seretmezden, ony sorup alýar. Dem alnan howada tozan bölejikleri bar bolsa, onda olar dem alyş ýollarynyň diwarlaryna ýelmeşip, köp wagtlap saklanýarlar. Bu bolsa adamyň ýaşaýşyna erbet täsir edýär. Şeýle-de nebit, gaz we zir-zibilleriň köp ýakylmagy hem howanyň düzümini hapalaýar. Ýangyç ýakylanda emele gelýän ugar gazy hem howada kömürturşy gazyna öwrülýär. Bu bolsa dem alyş synalary üçin zyýanly bolup, olaryň işleýşini gowşadýar.

Häzirki wagtda senagatyň ösmegi, tehnologiýalaryň artmagy, awtomobilleriň köpelmegi howanyň hapalanmagynda esasy sebäpleriň biridir. Hasaplamalara görä, bir awtomobil her ýylda ortaça 297 kg uglewodorod, 10 kg azod okisini, 2 kg tozan, 0,5 kg gurşunyň birleşmelerini bölüp çykarýar. Bir awtomobil 1000 km ýol geçende, onuň sarp edýän kislorody bir adamyň bir ýylda harçlaýan kislorodyna deňdir. 5 düýp agaç ekmeklik bir adamy kislorod bilen üpjün etmekde ýaramlydyr. Alymlaryň aýtmagyna görä, 10 mln düýp agaç ekip ýetişdirmeklik howadaky kömürturşy gazyny 5% çenli azaldýar. Şol sebäpden hem bag ekmek boýunça alnyp barylýan çäreler möhüm häsiýete eýe bolup, ol arassa howanyň girewidir. Arassa howa bolsa sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň çeşmesidir. 

 

Çeper RAHMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.