Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Änew medeniýeti we onuň esasy ýadygärlikleri
  26.11.2020
1649
Änew medeniýeti we onuň esasy ýadygärlikleri

     Ýagny, eneolit adalgasy mis-daş asyryny añlatmak bilen, Türkmenistanda bu eneolit we bürünç eýýamlarynyň ýadygärlikleri Änew stansiýasynyñ golaýyndaky iki depeden tapyldy. Aýratyn-da Änewiñ 1904-nji ýylda Rafael Pampelliniñ ýolbaşçylygyndaky amerikan ekspedisiýasynyñ işlän ýeri bolan demirgazygyndaky depe üns bermäge mynasypdyr. Depäniñ medeni zonasy «Änew medeniýeti» adyny aldy. Änew medeniýetine degişli ýadygärliklerde arheologiki gazuw-barlag işleri geçirilende çig kerpijiñ galyndylarynda dänäniñ gabyklary we gylçyklary tapylypdyr. Munuñ özi gadymy ata-babalarymyzyñ bu ýerde däne ekinlerini ösdürip ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýär. Tapylan bugdaýyñ bu görnüşi häzir «ak bugdaý» ady bilen bellidir. Änew medeniýetine degişli obalaryñ galyndylary häzirki Kaka etrabynyñ Çäçe obasyndan başlap Bäherden etrabyna çenli aralykda duş gelýär. Häzirki wagtda türkmeniñ ak bugdaýy halkyñ döreden medeni gymmatlyklarynyñ biri hasap edilýär. Eneolit eýýamynyñ jeýtun medeniýetinden tapawutlylykda öz atynlyklary bar. Bu döwür maldarçylyk we ekerançylyk hojalyga berk ornaşdyrylýar, ekin meýdanlary giñeldilýär, oturumly halkyñ sany artýar, demir eretmek, dokmaçylyk, küýzegärçilik ýaly hünärler özleşdirilýär. Toýun gap-gaçlarda ýazgylar peýda bolup ugraýar. Suwaryş ulgamlary gurulýar.

Ekerançylykda ýumşak bugdaý bilen arpa has köp ösdürülip ýetişdirilýär. Türkmenistanyñ günorta sebitlerindäki eneolit eýýamynyñ ýadygärlikleri esasan, Gyzylarbat bilen Göksüýriniñ (Tejen) aralygynda ýerleşýär we günbatar, merkezi, gündogar zolaklaryna paýlanýar. Eneolit eýýamynyñ ýadygärlikleriniñ 30-dan gowragy tapyldy. Şeýlelik-de, Göksüýri oazisi has oñat öwrenildi. Netijede, şu ýeriñ ýaşaýjylarynyñ suwaryş kanallaryny we emeli suw howdanlaryny ulanmak bilen ekinlerine elde tutandyklary aýan edildi. Şu ýerde ekin ekip ýaşan obalaryñ 9-sy tapyldy. Şu oazisdäki Molladepeden bolsa bu ýerde gadymy ekarançylyk zolaklarynyñ bolandygyna şaýatlyk edýän arpa hem bugdaý däneleri tapyldy. Ýygnalan däne uly küýzelere salnyp, bişen kerpiçden diklenen ýörite ammarlarda saklanylypdyr. Däne arassalanylandan soñ ony sokuda döwüp ýarma taýýarlapdyrlar. Samandan sebet ýasapdyrlar, toýundan küýze ýasapdyrlar. Ilat goýun köpeltmek, ýekegapan, jeren, gulan awlamak bilen meşgullanypdyr. Gap-gaçlardaky nagyşlar bu eýýamyñ adamlarynyñ Demirgazyk-Gündogar, Demirgazyk-Günbatar we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen arabaglanşygynyñ bolandygyny subut edýär.