Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Altyndepe
  02.03.2020
1192
Altyndepe

     Altyndepe- Kaka etrabynyň Mäne obasyndan 3 km günorta-gündogarda ýerleşýär. Diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş gojaman dünýäniň taryh kitaby Altyndepe şäher siwilizasiýasy hakyndaky söhbete özüniň ilkinji sahypalaryny bagyşlaýar. Sebäbi bu siwilizasiýa ilkidurmuş jemgyýeti öz ösüşini tamamlanda emele gelipdir. Şonuň üçin Altyndepe dünýäniň taryh ylmyndaky meşhur Şumer we Wawilon, gadymy Hindi, gadymy Hytaý siwilizasiýalary bilen deň hatarda durýar. Ilkinji siwilizasiýanyň özboluşly alamatlary bolýar: olaryň birinjisi –ýokary derejeli ýöriteleşdirilen önümçilikdir. Dürli hünärli ussalar öz erk edýän dürli gurallary arkaly toýundan ýokary hilli gap-çanaklary, metaldan ýaraglary, esbaplary we şaý-sepleri, daşlary ýonup heýkelleri, oýnawaçlary, möhürleri ýasapdyrlar. Ikinjisi – medeniýetiň özboluşly alamatlary ýüze çykýar. Şol döwrüň ýagdaýyna görä garanyňda ägirt uly gurluşyklar: ybadathanalar, köşkler, gala diwarlary gurulýar. Bu – monumental arhitekturadyr. Üçünjisi – adamzat taryhyndaky iň beýik açyşlaryň hatarynda durýan ýazuw hatynyň emele gelmegidir. Ýazuw haty dürli siwilizasiýalarda dürli-dürli görnüşde ýüze çykypdyr. Şeýlelikde siwilizasiýalaşan jemgyýet eýýäm kämilleşen, çylşyrymly, bütewi bir organizm bolup, onda dürli usulda dürli işler ýerine ýetirilipdir, gazanylan netije hasaba alnyp, berk hasap-hesip ýöredilipdir, planlaşdyryş-maksatnamalar düzülipdir, asman jisimleriniň hereketi, tebigatdaky kanuna laýyklykda öwrenilip, pasyllary kesgitläp kalendarlary ýöredipdirler. Bu ýagdaý köp sanly adamlaryň ýöriteleşen işler bilen meşgullanmagyna getiripdir: hünärmentçiler, söwdagärler, serdarlar, patyşalar, ruhanylar — täze döwrüň wajyp alamatlary hökmünde ýüze çykypdyrlar. Elbetde, bu täzelikleriň ählisi uly ilatly merkezlerde, şäherlerde kemala gelýär. Şeýle merkezler biziň eramyzdan öňki IV müňýyllykda ýaşaýyş üçin tebigy taýdan örän amatly, baý oazislerde emele gelip başlaýar. Türkmenistandaky iki siwilizasiýa merkeziniň ikisi şu dag etek ýaýlymynda bolup, olaryň biri Namazgadepe, beýlekisi-de Mäne obasynyň alkymyndaky Altyndepedir. Şu iki merkeziň has doly we düýpli öwrenileni Altyndepe şäher siwilizasiýasydyr. Altyndepäniň gadymky ady unudylypdyr. Ýerli ilat bu eräp, tas ýere siňip giden gadymy depäniň üstünden mahal-mahal altyn zerlerini tapar ekenler. Şonuň üçin uzak ýyllardan bäri ilat arasynda oňa «Altyndepe» diýlip gelinýär. Şoňa görä-de, bu siwilizasiýa arheologiýa  ylmyna «Altyndepe siwilizasiýasy» ady bilen girdi.Altyndepäniň tutýan umumy meýdany 25 gektara barabar bolup, ol biziň eramyzdan ozalky IV müňýyllygyň ahyrynda uly ilatly merkeze öwrülipdir. Bu ilkinji şäherde 5000-6000 adamyň ýaşanlygy degişli döwrüň nukdaýnazary bilen garanyňda uly ösüşi aňladýar. Ýadygärlikde uzak ýyllaryň dowamynda belli alym – arheology, akademik W.M.Massonyň ýolbaşçylygyndaky gadymyýeti öwrenijiler düýpli ylmy işleri alyp bardylar.