Garagumyň jümmüşinde gurulan ägirt uly gidrotehniki desga bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň uzynlygy 720 km. bolan Baş şor suw akabasy Daşoguz, Lebap, Mary we Ahal welaýatlarynyň çäklerinden çykarylýan zeý suwlaryny ýygnap, Köle akdyrmaga niýetlenendir.
Akabalaryň suwlarynyň duzlulyk derejesi möwsümlere baglylykda, şeýle-de akabalaryň uzynlygy boýunça üýtgeýär. Meselem Daşoguz akabasynyň başlanýan ýerinde suwuň duzlulygy bir litrde 3-3,5 gram we onuň ahyrynda 5-5,5 gram aralygynda bolup, onuň belli-belli aralyklarynda (Zeňňibaba kölüniň deňinde we akabanyň ahyryndaky inçelýän böleginde) üýtgeýär. Baş şor suw akabasynyň suwy hem Lebap welaýatynyň çäginde suwuň duzlulygy bir litrde 2-2,5 gram aralygynda, Mary welaýatynyň çäginde 2,5-4 gram aralygynda bolup, ol Tejen şor suw akabasynyň goşulmagy bilen 9-10 grama ýetýär, soňra Gäwers, Aşgabat goşundylarynyň täsirinde 8-9 grama ýetýär.
Akabalaryň içinden suwlar akyp geçmek bilen suw otlarydyr-gamyşlaryň täsiri netijesinde zäherli maddalardan hem arassalanýarlar. Soňra akabalaryň ahyrynda ýerleşen Ak ýaýla suw howdanynda zyýansyzlandyrylan suwlar baryp ýygnaýarlar we ondan artanlary Garaşor çöketligindäki Köle akdyrylýar. Garaşor çöketliginiň gündogar tarapy Gaplaňgyr düzlüginiň belentligi we günbatar tarapy Üçtagan çöllügi bilen çäklendirilendir. Onuň uzynlygy 103 km, ini 20 km we çuňlygy 70 m bolup onuň taslama göwrümi 132 mlrd.m3 bolan suwy saklamaga niýetlenendir.
Şeýlelikde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Baş şor suw akabasynyň suwlaryny ýygnamak üçin gurulan Ak ýaýla suw howdany we onuň suwlary belli bir derejede durmuş-ykdysady maksatlar üçin ulanmaga amatly bolup durýar. Şeýle-de ol üç welaýatyň çäkleriniň ýanaşýan ýerlerinde ýerleşendir, ýagny esasy bölegi Balkan welaýatynda, az bölegi Daşoguz welaýatynda we Ahal welaýatynyň hem ýakynynda ýerleşýär.
Ak ýaýla suw howdanynyň hanasy hökmünde Uzboýyň köne hanasy ulanylandyr we onuň gündogar ugry emeli gurulan gaçy bilen berkedilipdir, onuň gunorta ugrundaky hanasy bent bilen çäklendirilipdir. Belli bolşy ýaly Uzboýy geçmişde bol we süýji suwly bolan Amyderýanyň Bahry hazara tarap akan şahalarynyň biri bolan, ol dessanlarda “Tüni derýa” diýip atlandyrylan derýanyň hanasynyň galdyran yzydyr.
Uzboýyň köne hanasy ulanylandygy üçin ol ýerler özüniň tebigy gözelliklerini saklapdyr. Ak ýaýla suw howdanynyň uzynlygy 85 km, ini 4,5 km we çuňlygy 20 m bolup onuň taslama göwrümi 975 mln.m3 bolup durýar.
Ak ýaýla suw howdanynyň suwunyň duzlulyk derejesi balykçylyk, guşçylyk we dowardarçylyk, düýedarçylyk üçin has-da amatlydyr, ýagny suw howdanynyň başlanýan ýerinde suwuň duzlulygy bir litrinde 5-5,5 gram we ondan 21 km aralykda ýerleşen bendiň we laboratoriýanyň deňinde 6,5-7 aralykda bolup, olary durmuş-hojalyk we ykdysady maksatlar üçin ulanmak mümkinçiligi bardyr.
Ilatly ýerlere gerek boljak elektrik energiýasyny öndürmek üçin “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Ak ýaýla guýýan ýerindäki şarlawugy ulanmak hem mümkindir, ýagny ol ýerdäki şarlawugyň beýikligi 2-3 m bolup durýar, ol bolsa kiçi göwrümli elektrik toguny öndüriji gurnamany işletmäge mümkinçilik döredip biljek.
Şeýle-de elektrik energiýasyny öndürmek üçin Ak-ýaýla suw howdanynyň ýanyndaky laboratoriýanyň jaýynyň gapdalynda Günden we ýelden tok alýan gurnamalary gurmak mümkinçilikleri hem bardyr. Belli bolşy ýaly ol ýerde ýylyň dowamynda Günüň we ýeliň energiýasy ýeterlikdir.