Sarahsly ussalaryň XI asyrda bina eden ymaratlarynyň ýene-de biri Ýartygümmez aramgähidir. Ol Köne Sarahs şäherinden 7,5 km günorta-gündogarda ýerleşýär. Binýady inedördül görnüşde bolan mawzoleýiň diwarlary pagsadan salnyp, diwarlarynyň daş ýüzi inedördül bişen kerpiç bilen örtülen. Diwarlaryň galyňlygy 1,75 metre ýetýär. Aramhana biziň günlerimize ýarymýumrulan ýagdaýda gelip ýetipdir. Häzir onuň dört diwaryndan ikisi saklanyp galan. Ir döwürlerde binanyň gümmezi hem bolupdyr. Muňa ymaratyň halk arasynda Ýartygümmez diýilmegi şaýatlyk edýär.
Belli gündogarşynas, binagär G.A.Pugaçenkowa mawoleýi 1947-nji ýylda öwrenipdir. Onuň aýtmagyna görä, aramgäh uly üç güberçekden düzülen, depesi dördünji güberçek bilen tamamlanýan özboluşly üçganatly parus ulgamyna esaslanan gümmez bilen örtülipdir.
Binanyň gurluşy (kompozisiýa) inedördül otagyň diwarlarynyň burçlara bölünip kem-kem merkeze ymtylyp, gümmeze geçmek görnüşinde amala aşyrylypdyr. Diwarlaryň daş ýüzleri (fasad) gurnalyşy birmeňzeş. Olar pilçeler bilen üç bölege bölünip, her bölegi egmekli tagçany emele getirýär. Ymaratyň daşky çüňkleriniň 3/4 möçberde ýonulan kerpiçden ýapgyt ýagdaýda örülen sütünler bilen bezelmegi özüne çekýär. Binanyň aýratyn alamatlarynyň biri onuň girelgesiniň günorta bakyp, diwarlarynyň iç ýüzünde däbe öwrülen tagçalaryň we girelge portalynyň ýoklugydyr.
Diwarlaryň daşky ýüzleriniň örümi Sarahs baba kümmetiniňkä meňzeş - goşalandyrylan kerpiçler nagyş emele getirýär. Nagyşyň içinde kerpiç «arça» şekilinde örülen. Aramgähiň üsti saklanyp galmandyr, ýöne onuň günorta diwarynyň iki burçy biziň günlerimize ýetip, olaryň iç ýüzünde güberçekli paruslar bar. Olardan görnüşi ýaly dört gyraň diwardan sekiz gyraňla geçiş usuly deňi-taýy bolmadyk tär bilen ýerine ýetirilipdir, ýagny üç güberçekden düzülen, depesi dördünji güberçek bilen tamamlanýan özboluşly üçganatly arka ulgamy peýdalanylypdyr. Bu paruslar gänç bilen suwalyp, onuň üstünden nagyş çekilipdir. Mawzoleýiň gündogar diwarynyň daşynda mährap saklanyp galypdyr. Bu bolsa ir döwürlerde aramgähiň şol tarapynda metjit bolup, onuň tagta basyrmasynyň kümmete ýaplanylyp gurlandugy barada pikir ýöretmäge esas berýär.
Mawzoleýde desganyň merkezine üns berilýän usullardan el çekipilip, kem-kem onuň daşky görnüşine, has-da esasy girelgesine ünsi çekmek tärine ýykgyn edilipdir. Paruslaryň gurluşy has çylşyrymly edilip, olar bir-biri bilen çilşirilen ýönekeý arkalar hökmünde gurnalypdyr. Ýartygümmeziň bu gurluşy binagärçilikde täze bir çözgüdiň gözlenenligini subut edýär. G.A.Pugaçenkowa Merkezi Aziýanyň binagärçiliginiň ösüş ýollaryny seljerip, Ýartygümmez aramgähini bu ösüşiň 2-nji, has kämil basgançagy hasaplaýar. Ol bu döwüre Ýartygümmez we şyh Lukman mawzoleýlerini degişli edýär. Täze usullar hökmünde gümmeze geçiş tärlerinde aralyk formalaryň tapylmagy, sekizgyraňlynyň çylşyrymlaşmagy, köpgyraňly prizmanyň peýdalanylmagy, gümmezasty aýlawynyň has beýgelmegi ulanylyp başlapdyr. Örümde jüp goýlan kerpiçler bilen bir hatarda ýonulan kerpiçleri giňden ulanyp, her dürli nagyşlary, şol sanda diagonallary, kufiki ýazgylary oňarmaga başlapdyrlar. Bu bolsa özboluşly ymaratçylyk ýolunyň kämil binagärlik tärlerini işläp düzen ussalaryň sebitleýin mekdebiniň Sarahsda bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu-da şol döwürlerde Sarahsly ymaratçy ussalaryň Horasanyň we Merkezi Aziýanyň arhitekturasynyň ösüşine uly täsir etmegine mümkinçilik beripdir.
Ýartygümmez häzirki wagtda döwlet ähmiýetli ýadygärlikleriniň hasabynda bolup, döwlet tarapyndan goralýar.